NASA 2027-nji ýylda tropiki tupanlary öwrenmek üçin üç hemrany uçurmagy maksat edinýär

  • 08.11.2021 17:55
  • 6.7k+

Milli aeronawtika we kosmos giňişligini öwrenmek boýunça edara (NASA) 2027-nji ýylda kosmosdan tropiki tupanlary we gök gümmürdilerini öwrenmek üçin üç hemrany uçurmagy maksat edinýär. Bu barada edaranyň müdiri Bill Nelson NASA-nyň Merilend ştatynyň Grinbelt şäherindäki Goddard adyndaky kosmos uçuşlary merkezinde eden çykyşynda aýtdy diýip, TASS habar berýär.

“Men NASA-nyň täze geoylmy missiýasy barada habar bermäge şat” – diýip, ol aýtdy. Nelson taslamanyň INCUS (Investigation of Convective Updrafts) adyny alandygyny belledi.

“Bu üç sany kiçi hemra bolar. Olaryň 2027-nji ýylda uçurylmagyna garaşylýar. Olar tropiki tupanlaryň we gök gümmürdileriniň özüni alyp barşyny, şeýle-de olaryň howa we klimat modellerine täsirini öwrener” – diýip, NASA-nyň ýolbaşçysy belledi.

Onuň aýtmagyna görä, NASA-nyň şeýle kosmos taslamalary Ýerdäki dürli tebigy betbagtçylyklara taýýarlygy güýçlendirmäge mümkinçilik berer. 


şu gün 16:17
252

NASA-nyň «X-59» uçary ilkinji gezek ses tizliginden geçmäge taýýarlanýar

NASA-nyň «X-59» sesden hem çalt uçýan eksperimental uçary uçuş synaglarynyň nobatdaky tapgyryna taýýarlanýar. Bu tapgyrda uçar öz taryhynda ilkinji gezek sesiň tizliginden-de ýokary geçmelidir....

düýn 19:54
1.7k+

NASA geljekki bazany taýýarlamak üçin Aýa her aýda robotlary iberer

NASA 2027-nji ýyldan başlap, Ýeriň tebigy hemrasynyň günorta polýusynyň töwereginde geljekki bazanyň infrastrukturasyny taýýarlamak üçin Aýa takmynan her aýda uçarmansyz missiýalary geçirmegi meýilleşdirýär....

31.05.2026 20:50
10k+

ABŞ-nyň asmanynda partlan meteorit birnäçe ştaty sarsdyrdy

30-njy maý güni gündiz güýçli partlan meteorit ABŞ-nyň demirgazyk-gündogar bölegini sarsdyrdy. NASA-nyň habar bermegine görä, asman jisiminiň dargan mahalynda böleklere bölünen energiýasy takmynan 300 tonna......

30.05.2026 20:46
2.6k+

NASA kosmonawtlaryň Aýda münjek täze rowerlerini görkezdi

NASA kosmos agentligi Aýyň günorta polýusynda gurnaljak geljekki ylmy bazanyň esasy tehniki bölekleriniň täze çyzgylarynyň ýakyndan tanyşdyrylyşyny geçirdi....