Merkezi Aziýanyň we Koreýanyň baş diplomatlary Duşanbede duşuşarlar

  • 06.11.2021 08:50
  • 3.3k+

5-nji noýabrda Duşanbe şäherinde gatnaşyjy ýurtlaryň daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde şu ýylyň 30-njy noýabrynda geçirilmegi meýilleşdirilýän 14-nji «Merkezi Aziýa – Koreýa Respublikasy» hyzmatdaşlyk forumyna taýýarlyk görmegiň çäklerinde gibrid görnüşde duşuşyk geçirildi. Onda daşary işler ministriniň orunbasary Wepa Hajiýew Türkmenistana wekilçilik etdi.

Nobatdaky mejlisiň çäklerinde diplomatlar «Merkezi Aziýa – Koreýa Respublikasy» hyzmatdaşlyk forumynyň daşary işler ministrleriniň 13-nji mejlisiniň jemleýji resminamalarynyň durmuşa geçirilişini ara alyp maslahatlaşdylar. Hususan-da, çärä gatnaşyjylar ministrleriň duşuşygynyň jemleri boýunça kabul ediljek Bilelikdäki Beýannamanyň hem-de Kätipligiň 2022-nji ýyl üçin Iş meýilnamasynyň taslamalaryna garadylar.

Mejlisiň çäklerinde şeýle-de ýurtlaryň arasynda köpugurly we uzak möhletleýin syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy has-da ösdürmek, işewürler toparlarynyň arasynda netijeli gatnaşyklary ýola goýmak bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. 


düýn 19:38
3.5k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

düýn 19:26
1.4k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

24.06.2026 23:05
2.5k+

Raşid Meredow diplomatik işini tamamlaýan Germaniýanyň ilçisi bilen duşuşdy

24-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Bernd Haýns bilen duşuşyk geçirdi. Bu duşuşyk......

23.06.2026 22:17
2.4k+

Türkmenistan we Ýewropa Bileleşigi adam hukuklaryny goramak meselelerini maslahatlaşdy

22-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda Adam hukuklary boýunça 18-nji Dialog geçirildi. Mejlise ýurduň degişli ministrlikleriniň we......