Söwda toplumyny ösdürmek boýunça gaýragoýulmasyz wezipeler kesgitlendi

  • 05.11.2021 07:37
  • 8.5k+

4-nji noýabrda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly ýurdumyzyň söwda toplumyndaky işleriň ýagdaýyna hem-de ony mundan beýläk-de ösdürmek boýunça gaýragoýulmasyz wezipelere bagyşlanan iş maslahatyny geçirdi. Oňa Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň söwda toplumyna gözegçilik edýän orunbasary Ç.Gylyjow, degişli ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary gatnaşdylar.

Döwlet Baştutany maslahaty açyp, söwda toplumynyň milli ykdysadyýetimiziň esasy pudaklarynyň biridigini nygtady. Halkymyzyň abadançylygyny we azyk bolçulygyny üpjün etmek köp babatda bu ulgamyň üstünliklerine baglydyr. Döwletimiz söwda, dokma pudagyny hem-de telekeçiligi ösdürmäge köp möçberlerde maýa goýumlaryny goýýar. Muňa garamazdan, heniz bu ugurda ulanylmaýan mümkinçilikler örän köp diýip, türkmen Lideri nygtady.

Bellenilişi ýaly, Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi boýunça söwda dolanyşygynyň ösüşi, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 118,8 göterime barabar boldy, öndürilen önümleriň ösüşi 118,2 göterim ýerine ýetirildi. Dokma senagaty ministrligi boýunça geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, nah ýüplügiň önümçiligi 120,8 göterime, nah matalaryň öndürilişi 105,3 göterime, tikin we örme önümleriniň önümçiligi 117,6 göterime, gön önümleriniň öndürilişi 105,6 göterime barabar boldy.

Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi boýunça ýanwar — oktýabr aýlarynda senagat önümlerini öndürmegiň ösüşi 134,6 göterime, oba hojalyk we azyk önümleri boýunça ösüş 119,5 göterime barabar boldy.

Döwlet haryt-çig mal biržasynyň başlygy B.Çaryýew durmuşa geçirilýän döwlet maksatnamalarynyň çäginde ýurdumyzyň eksportyny diwersifikasiýa ýoly bilen artdyrmak, daşary söwdanyň gerimini giňeltmek boýunça giň möçberli işleriň amala aşyrylýandygy barada hasabat berdi. Şu ýylyň ýanwar — oktýabr aýlarynda 248 sany birža söwdasy amala aşyrylyp, olarda 2082 geleşik baglaşyldy.

Şeýle hem nygtalyşy ýaly, şu ýylyň dowamynda hususyýetçiler tarapyndan 9 müň 162 gektar meýdanda gök-bakja ekinlerini ekmek we ondan 174 müň 407,5 tonna hasyl almak, 13 müň 246 gektar meýdanda 70 müň 523 tonna miwe we üzüm ýetişdirmek işleri meýilleşdirildi. Mundan başga-da, 1 300 gektar meýdanda 5 110 tonna ýag alynýan ösümlikleri, 11 159 gektar meýdanda 51 müň 526,5 tonna mekgejöwen, 13 müň 930 gektarda 15 müň 846 tonna azyklyk dänäni ösdürip ýetişdirmek bellenilip, bu ugurda degişli işler geçirildi.

Soňra döwlet Baştutany sanly ulgam arkaly geçirilýän iş maslahatyna gatnaşyjylara ýüzlenip, olaryň öňünde birnäçe anyk wezipeleri goýdy we Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Gylyjowa ýüzlenip, daşarky söwdanyň seljermesiniň, umuman, geçen ýyl bilen deňeşdirilende, eksportyň 23 göterim artandygyny görkezýändigini belledi. Biziň önümlerimiziň eksporty ýangyç-energiýa serişdeleri hasaba alynmanda, 48 göterime golaý artdy.

Gurbanguly Berdimuhamedow şu ýylyň noýabr aýynda Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza döwletleriň işewürleriniň maslahatyny geçirmegiň göz öňünde tutulýandygyny aýdyp, Söwda-senagat edarasynyň ýolbaşçysyna ony ýokary derejede guramaçylykly geçirmek boýunça edaranyň öňünde durýan wezipeleri talabalaýyk ýerine ýetirmegi tabşyrdy.


düýn 15:42
787

Türkmenistanda Müsüriň täze ilçisi işe başlady

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Mejlisiň Başlygy Dünýägözel Gulmanowa Müsür Arap Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Hamdi Şaaban......

düýn 15:09
812

Türkmenistanyň DIM-inde ýylyň başyndan bäri alnyp barlan daşary syýasy işleriň jemleri jemlendi

28-nji aprelde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow ýylyň başyndan bäri ýurduň halkara işjeňliginiň möhüm wakalaryna bagyşlanan brifing geçirdi. Bu barada daşary syýasat edarasynyň metbugat......

düýn 08:12
1.6k+

Türkmenistanyň Ilçisi Moldowa Respublikasynyň DIM-iniň Döwlet sekretary bilen duşuşdy

28-nji aprelde Kişinýewde iş sapary bilen bolan Türkmenistanyň Moldowa Respublikasyndaky Ilçisi T.Ataýew (oturýan ýeri Kiýew şäheri) Moldowanyň Daşary işler ministrliginiň Döwlet sekretary S.Mihow we......

düýn 07:36
872

Müsür Arap Respublikasynyň Ilçisi ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy

28-nji aprelde Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary S.Muhammetdurdyýew bilen Müsür Arap Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenen Ilçisi (oturýan ýeri Moskwa şäheri) Hamdy Şaaban Abdelhalim......