Di Kaprio dünýä liderlerini adamzady halas etmäge çagyrdy

  • 04.11.2021 19:19
  • 8k+

Meşhur amerikaly aktýor Leonardo Di Kaprio BMG-niň klimat boýunça sammiti geçirilýän Glazgo şäherine gelip, oňa gatnaşýan dünýä liderlerini adamzady halas etmek üçin hereket etmäge çagyrdy. Ol şeýle çagyryşy özüniň Twitter sahypasynda ýazdy diýip, cursorinfo.co.il ýazdy.

“Men Antoniu Guterriş bilen COP26-nyň ýolbaşçylaryndan klimat meselesi boýunça aýgytly çäre görmegini, geljegimizi goramagyny we adamzady halas etmegini soraýaryn..." diýip, aktýor öz ýazgysynda şeýle haýyş bilen ozal hem ýüz tutandygyny Guterrişe ýatlatdy.

Leonardo Di Kaprionyň howanyň üýtgemegine garşy göreşdäki işjeňligini aýratyn bellemek gerek. Mundan ozal ol COP26 konferensiýasyna 2-nji noýabrda hem  gatnaşypdy. Şu ýylyň başynda bolsa ol ABŞ-nyň prezidenti Jo Baýdene açyk hat ýazyp, howanyň ýagdaýy bilen bagly meselelere üns bermegini we oňa garşy göreşmegini isledi. 


03.06.2026 12:21
8.2k+

Howanyň üýtgemegi geljekde ýagjak dolyny has iri we howply eder

Hytaýly we amerikaly alymlaryň Nature žurnalynda çap edilen bilelikdäki ylmy barlaglary geljekde dolynyň has iri we howply boljakdygyny, munuň netijesinde dünýä ýüzüne ýetiriljek zyýanyň bolsa 36,5 göterimden......

28.05.2026 17:06
4.3k+

Ýaponiýa we Gazagystandaky BMGÖM Kaspi deňzi üçin 3 million dollar sarp edýär

Ýaponiýanyň Hökümeti we BMG-niň Ösüş Maksatnamasy (BMGÖM) Gazagystanda Kaspi deňziniň suwunyň derejesiniň peselmegine garşy çärelere gönükdirilen 3 million dollar gymmatyndaky täze taslama badalga berýärler....

28.05.2026 11:57
3.8k+

Tomus maýda başlady: Ýewropany anomal yssy gurşap aldy

Günbatar Ýewropa ýurtlary entek tomus başlanmanka anomal yssy howa bilen ýüzbe-ýüz boldular....

26.05.2026 15:47
10k+

Hindi poliseýleri yssy howa sebäpli içi kondisionerli başgap geýýärler

Hindistanda dowam edýän aşa yssy howa zerarly Nýu-Deliniň ýol polisiýasynyň işgärleri içine sowadyş ulgamy gurnalan şlemleri geýip başladylar....