Türkmenistan Russiýanyň üsti bilen nebit ibermekde 2-nji orny eýeleýär

Türkmenistan Russiýanyň üsti bilen nebit ibermekde 2-nji orny eýeleýär

Türkmenistan Russiýanyň üsti bilen nebiti üstaşyr geçirmegiň möçberi boýunça ikinji orny eýeledi. Bu barada statistiki maglumatlara salgylanyp, Interfaks habar berýär. 

Russiýanyň Ýangyç-energetika toplumynyň merkezi dispetçer müdirliginiň maglumatlaryna görä, şu ýylyň ýanwar-oktýabr aýynda Russiýanyň çäklerine Türkmenistanyň üsti bilen getirilýän nebitiň möçberi 1,530 million tonna barabar boldy. Diňe oktýabr aýynda Türkmenistan Russiýanyň üsti bilen 80 müň 900 tonna nebit ugratdy. 

Ýeri gelende bellesek, Russiýanyň üsti bilen nebiti üstaşyr ibermegiň möçberi boýunça Gazagystan birinji orny eýeleýär. Bu görkeziji boýunça ikinji orny eýeleýän Türkmenistandan soň Belarus we Azerbaýjan sanawy dowam edýär.