Efiriň bahasy rekord dereje gymmatlady - $4500

  • 02.11.2021 23:40
  • 7.5k+

Bitkoindan soň kapitallaşdyrmasy boýunça ikinji orunda durýan kriptowalýuta bolan efiriň (Ether) bahasy rekordy täzeläp, 4500 dollardan geçdi diýip, interfax.ru habar berýär.

CoinDesk-iň maglumatlaryna görä, sişenbe güni aşgabat wagty bilen 21:30-da bir günde 4,4% gymmatlap, 4500,71 dollara ýetdi. Ondan öň, söwdanyň barşynda onuň bahasy 4521,19 dollara ýetipdi.
Kriptopuluň bahasynyň ýokarlanmagy gysgamöhletleýin maýadarlaryň gelmegi bilen şertlenendir. Efire 30 günden az möhletde eýelik edýän treýderleriň sany ýylyň dowamynda iň ýokary derejesine ýetdi diýip, MarketWatch habar berýär.
Soňky üç aýda bu kriptopul 81% gymmatlady, ýylyň başyndan bäri 6 esseden gowrak gymmatlady.
Şol bir wagtda, bitkoiniň bahasy bu döwürde, degişlilikde, 67% we 2,1 esse ýokarlandy. Sişenbe güni söwdanyň barşynda bitkoin 5,1% gymmatlap  63,731 dollara ýetdi.


24.06.2025 18:51
5.6k+

Hideo Kodzima Ginnesiň rekordlar kitaby tarapyndan dünýäniň iň meşhur geýmdizaýneri diýlip ykrar edildi

Ýaponiýaly geýmdizaýner we režissýor Hideo Kodzima iň meşhur oýun režissýory hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi. Bu barada ýapon teleýaýlymlarynyň birinde berlen tok-şouwyň göni ýaýlymynda habar berildi...

24.06.2025 00:22
8.4k+

Hytaýda 11 787 sany dron ulanylyp geçirilen şüweleň Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi

Hytaýyň Çuňsin şäherinde dünýäde iň uly dronly ýagtylyk şüweleňi geçirildi. 17-nji iýunda Ýanszy derýasynyň üstünde bir wagtyň özünde 11 787 dron asmana galdy — bu görkeziji öňki dünýä rekordyny (10 197 dron) täzeledi...

17.06.2025 18:50
6.9k+

39 ýaşly lemur Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi: ýabany tebigatda olar 20 ýyldan köp ýaşamaýar

15-nji iýunda Stampi atly alabeder guýrukly lemur 39 ýaşyny belledi we resmi taýdan erkinlikde ýaşamaýan iň garry lemur diýlip ykrar edildi. Ol Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi. Stampi 1986-njy ýylda Surreý graflygynda (Beýik Britaniýa) dünýä indi, soňra Şotlandiýa getirildi...

17.06.2025 13:11
2.3k+

«Summer Game Fest 2025-e» rekord 50 million gezek tomaşa edildi

Summer Game Fest 2025-iň açylyş dabarasy 50 milliondan gowrak gezek görüldi – bu şüweleňiň taryhyndaky iň ýokary görkeziji boldy. Bu barada dabaranyň prodýuseri we alyp baryjysy Jeff Kili habar berdi. StreamsCharts maglumatlaryna görä, dabarany bir wagtda gören tomaşaçylaryň iň köp sany 3 milliondan geçdi, bu bolsa 2024-nji ýyldaky bilen deňeşdirilende 89% köpdür...