Meta Platforms kompaniýasy öň kameraly akylly sagat çykarar

  • 31.10.2021 23:30
  • 6.3k+

Öň Facebook diýlip atlandyrylan Meta Platforms kompaniýasy öň kameraly we burçlary tegelek ekranly akylly sagady işläp taýýarlaýar. IPhone üçin niýetlenilen programmalaryň birinde bu akylly sagatlaryň suratyna gabat gelindi diýip, Bloomberg habar berýär.

Suratda gönüburçly korpusdaky tegelek burçly sagat görkezilýär. Ekranyň aşagynda smartfonlaryňky ýaly kamera, sag tarapynda bolsa enjam dolandyryş düwmesi bar. Bu surat öňki Facebook-yň Ray-Ban bilen hyzmatdaşlykda çykaran akylly äýneklerini dolandyrmak üçin niýetlenilen programmasyndan tapyldy. Wideo aragatnaşyk üçin niýetlenilen kamera bu akylly sagady Apple-iň we Samsung-yň kamerasyz önümleriniň ýanynda has özüne çekiji görkezýär.

Bloomberg-iň habaryna görä, Meta ilkinji akylly sagadyny 2022-nji ýyldan başlap çykarmagy meýilleşdirýärdi, ýöne wagty kesgitlemek barada gutarnykly karar entek kabul edilmedi. Kompaniýa önümiň üç wersiýasynyň üstünde işleýär, olaryň hersiniň dürli senede çykarylmagyna garaşylýar. Ozal habar berlişi ýaly, akylly sagat fitnes-treker funksiýasyny hem alyp biler.


düýn 10:51
840

OpenAI özüniň ilkinji «Jalapeno» EA-çibini synagdan geçirip başlady

OpenAI kompaniýasy eýýäm öwredilen emeli aň modellerini işletmek üçin niýetlenen «Jalapeno» atly ýöriteleşdirilen çibiniň ilkinji nusgalarynyň taýýardygyny we ony synagdan geçirip başlandygyny mälim etdi.......

24.06.2026 23:26
3k+

Meta ilkinji gezek öz brendi bilen «akylly» äýnekleri hödürledi

Meta kompaniýasy EssilorLuxottica (Ray-Ban, Oakley we beýleki brendleriň eýesi) bilen bilelikde döreden Meta Glasses «akylly» äýneklerini görkezdi. «Bloomberg» agentliginiň bellemegine görä, kompaniýa şeýle......

23.06.2026 18:51
6.1k+

Täze Honor X80 Pro Max smartfony çykyp-çykmanka Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi

Honor kompaniýasy sygymy 11 000 mA/sag bolan akkumulýator bilen üpjün edilen X80 Pro Max smartfonyny resmi taýdan hödürledi. Şeýle uly göwrümli batareýasy sebäpli, gurluş entek çykyp ýetişmänkä «smartfonyň......

20.06.2026 09:37
2.2k+

99,9% takyklyk: «Helios» kwant kompýuteri täze dünýä rekordyny goýdy

Sandia kompaniýasynyň amerikan hünärmenleri 98 kwbitlik täze «Helios» kwant kompýuterini görkezdiler. Enjam bazarda elýeterli bolan ähli täjirçilik gurluşlarynyň arasynda hasaplamalaryň takyklygy boýunça......