Ýewropada howany arassalaýan awtoulag döredildi

  • 30.10.2021 17:08
  • 8.6k+

Mersedes awtokonserni howany arassalamak üçin niýetlenilen täze awtoulagy tanyşdyrdy. Ol elektrikli hereketlendiriji bilen işleýär we hereketde mahaly howany arassalaýar. Bu barada msn.com habar berýär.

Howany arassalaýan bu Sustaineer awtofurgony üçeginde ýerleşdirilen gün panellerinden zarýad alýan elektrikli hereketlendiriji bilen ýöreýär. Howany gowy arassalamak üçin niýetlenilen süzgüçler radiatoryň golaýynda we awtoulagyň aşagynda ýerleşýär.

Ýörite süzgüçlerden başga-da, Sustaineer konsept awtoulagy bolansoň, gaýtadan işlenen materiallardan ýasalandygy bilen tapawutlanýar. Onuň çydamlylygy ýokarlandyrylan we tozan zyňyndylary azaldylan tormozlary keramiki örtükli çoýun disklerinden ybaratdyr. Awtoulag tebigy Gün şöhlesine gabat gelýän "biologiki taýdan işjeň" içki yşyklandyryşa hem eýedir.

Awtoulagda ýoluň üstüni we päsgelçilikleriň bardygyny seljerip, sürüjä howp barada duýduryş berýän ýol gözegçilik ulgamlary hem bar.


düýn 10:00
4k+

Germaniýada ilat köpçülikleýin Gün panellerinden ýüz öwrüp, kollektorlara geçýär

Germaniýada suwy gyzdyrmak we jaýlary ýylatmak üçin niýetlenen Gün kollektorlaryna bolan isleg barha artýar. Hünärmenleriň çykaran netijelerine görä, bu enjamlaryň Gün energiýasyny ýylylyga öwürmekdäki......

08.06.2026 08:03
5.4k+

Nemes türgeni 367 günde 367 marafon geçdi: zenan bir ýyldan gowrak wagt bäri ylgap ýör

Nemes türgeni Joýs Hýubner yzly-yzyna 367 günüň dowamynda 367 marafon geçip, bu ugurda dünýäde şeýle netije görkezen ilkinji zenan boldy. Bu täsin üstünlik barada Germaniýanyň Spiegel neşiri habar berýär....

07.06.2026 10:07
3.6k+

Türkmenistanda tebigatçylar üçin iki günlük ekologiýa çäresi guraldy

Türkmenistanda Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli «Ýaşyl geljek üçin hyzmatdaşlyk» atly iki günlük ekologiýa çäresi geçirildi. Bu çäräni Türkmenistanyň ÝUNESKO-nyň işleri barada Milli......

06.06.2026 20:16
3.1k+

Aşgabatda Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli ekologiýa maslahaty geçirildi

Aşgabatda «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda ekologiýa abadançylygy we halkara hyzmatdaşlyk» atly halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi. Bu çäre Daşky gurşawy......