2021-nji ýylyň Parahatçylyk boýunça Nobel baýragynyň eýeleri Oslodaky gowşurylyş dabarasyna gelip bilerler

2021-nji ýylyň Parahatçylyk boýunça Nobel baýragynyň eýeleri Oslodaky gowşurylyş dabarasyna gelip bilerler

2021-nji ýylda Parahatçylyk boýunça Nobel baýragynyň gowşurylyş dabarasy 10-njy dekabrda Osloda ýüzbe-ýüz görnüşde geçiriler, oňa laureatlaryň şahsy gatnaşmagyna garaşylýar. Bu barada Norwegiýanyň Nobel komiteti habar berdi diýip, TASS belleýär.

“Norwegiýanyň Nobel komiteti şu ýyl Parahatçylyk boýunça Nobel baýragynyň gowşurylyş dabarasynyň ýüzbe-ýüz görnüşde boljakdygy we 10-njy dekabrda Oslo şäher edarasynda geçiriljekdigi baradaky karara geldi. Komitet 2021-nji ýylyň laureatlary Mariýa Ressanyň we Dmitriý Muratowyň dabara gelmegine garaşýar. Mundan başga-da, dabarada 2020-nji ýylda Parahatçylyk baýragyny alan BMG-niň Bütindünýä azyk maksatnamasyna ýerine ýetiriji müdiri Dewid Bizli tarapyndan wekillik ediler” – diýlip, komitetiň saýtyndaky habarda aýdylýar.

“Nowaýa gazetanyň” baş redaktory Dmitriý Muratow bilen filippinli žurnalist Mariýa Ressa “demokratiýa we berk parahatçylyk üçin şert bolan söz azatlygyny goramak ugrundaky tagallalary” üçin 2021-nji ýylda Parahatçylyk boýunça Nobel baýragynyň eýeleri boldular. 

Baýrak gowşurylyş dabarasy adatça 10-njy dekabrda – Alfred Nobeliň aradan çykan güni Osloda geçirilýär. Geçen ýyl ol pandemiýa sebäpli onlaýn görnüşde geçirildi.