Parahatçylyk boýunça Nobel baýragy “Nihon Hidankio” ýapon guramasyna berildi

  • 11.10.2024 23:55
  • 4.4k+

Osloda 2024-nji ýylyň Parahatçylyk boýunça Nobel baýragynyň eýeleri yglan edildi. Baýrak “hibakusýany” – Hirosimadaky we Nagasakidäki atom partlamalarynyň pidalaryny birleşdirýän “Nihon Hidankio” ýapon guramasyna berildi.

Gurama “ýadro ýaragyndan azat dünýäni gurmak ugrundaky tagallalary üçin” bellenildi. Laureatlar “ýadro ýaragynyň indi hiç haçan ulanylmaly däldigini şaýatlaryň görkezmeleri bilen görkezýärler” diýip, Nobel komiteti belledi.
“Nihon Hidankionyň” egindeş başlygy Mimaki Tosiýuki guramasyna Nobel baýragynyň berilmegi bilen bagly geçirilen metbugat maslahatynda ýadro ýaragynyň bütinleý ýok edilmelidigini belledi.
Parahatçylyk baýragy Nobel hepdeliginde iň soňkudan öňki baýrakdyr. Alfred Nobeliň soňky islegine görä, onuň wesýetnamasyna laýyklykda esaslandyrylan beýleki baýraklardan tapawutlylykda, bu baýrak Stokgolmda däl-de, Osloda berilýär.
Mundan öň, fiziologiýa we lukmançylyk, fizika, himiýa we edebiýat boýunça Nobel laureatlary belli boldy.
14-nji oktýabrda 2024-nji ýylyň iň soňky Nobel laureatlary – Alfred Nobeliň hatyrasyna ykdysadyýet boýunça baýragyň eýeleri yglan ediler.
Baýraklar laureatlara 10-njy dekabrda – Alfred Nobeliň aradan çykan güni Stokgolmda we Osloda gowşurylar.


13.10.2025 17:20
5k+

Ykdysadyýet boýunça Nobel baýragy innowasiýalar bilen ösüşiň arasyndaky baglanyşygyň öwrenilendigi üçin berildi

2025-nji ýylda Alfred Nobeliň hatyrasyna ykdysadyýet boýunça baýrak Joel Mokire, Filipp Agiona we Piter Hauite berildi. Bu barada Şwesiýanyň patyşalyk ylymlar akademiýasy habar berdi. Baýragyň ýarysyny tehnologik ösüşiň esasynda ykdysadyýetiň durnukly ösmeginiň sebäplerini düşündirendigi üçin amerikan-ysraýylly ykdysadyýet taryhçysy Joel Mokir alar...

10.10.2025 17:21
6.7k+

Parahatçylyk boýunça Nobel baýragyny Wenesueladan syýasatçy Mariýa Korino Maçado aldy

Osloda 2025-nji ýylyň Nobel parahatçylyk baýragynyň eýesi yglan edildi. Baýraga Wenesueladan oppozision syýasatçy Mariýa Korino Maçado mynasyp boldy. Ozal Maçado Wenesuelanyň parlamentiniň deputaty bolupdy we 2012-nji ýylda prezident saýlawlaryna gatnaşdy...

16.08.2025 18:03
18k+

Ýedi ýurduň Liderleri Trampy Parahatçylyk boýunça Nobel baýragyna hödürlemek teklibini goldady

Ak tam ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampyň Parahatçylyk boýunça Nobel baýragyna hödürlenmegini goldan daşary ýurt Liderleriniň sanawyny çap etdi. Bu habar Ak tamyň resmi saýtynda, X sosial ulgamynda ýerleşdirildi...

12.12.2024 11:26
3.2k+

Osloda “Nihon Hidankýo” ýapon guramasynyň wekillerine Parahatçylyk boýunça Nobel baýragy gowşuryldy

10-njy dekabrda Osloda, Alfred Nobeliň hatyralanýan güni Parahatçylyk boýunça Nobel baýragynyň gowşurylyş dabarasy geçirildi. Şu ýyl baýrak ýadro ýaragyndan azat dünýäni gurmak ugrundaky tagallalary üçin Ýaponiýanyň...