Ykdysadyýet boýunça Nobel baýragy ýurtlaryň gülläp ösüş derejesindäki tapawutlaryň öwrenilendigi üçin berildi

  • 15.10.2024 06:37
  • 4k+

2024-nji ýylyň ykdysadyýet boýunça Nobel baýragy döwletleriň ykdysady hal-ýagdaýynyň derejesindäki tapawudyň sebäpleriniň öwrenilendigi üçin Daren Aljemogluwa, Saýmon Jonsona we Jeýms Robinsona berildi. Bu barada Şwesiýanyň Patyşalyk Ylymlar akademiýasynyň ykdysadyýet boýunça Nobel komiteti habar berdi.

Alymlar “institutlaryň nähili emele gelýändigini we olaryň ýurduň maddy hal-ýagdaýyna nähili täsir edýändigini öwrenendikleri” üçin sylaglandy. Olaryň işleri kanunyň ileri tutulmagyna esaslanýan güýçli institutlaryň gülläp ösüşe nähili ýardam edýändigini, şol bir wagtyň özünde gowşak gurluşlaryň we ilatyň ekspluatirlenmeginiň ykdysady ösüşe nähili böwet bolýandygyny düşündirýär. Şeýle-de, laureatlar kolonizasiýa döwründe döredilen institutlaryň häzirkizaman ykdysady deňsizlige täsirini dowam etdirýändigini düşündirýär.
Komitetiň wekili Ýakob Swensson bu gözlegleriň döwletleriň arasynda girdejilerdäki uly tapawutlara düşünmekde ähmiýetlidigini belledi.
Komitet “ýurtlaryň arasynda girdejilerdäki uly tapawutlaryň azaldylmagyny” häzirki zamanyň iň uly meseleleriniň biri diýip atlandyrdy we bu meseläni öwrenmekde laureatlaryň goşandyny belläp geçdi.
Daron Aljemoglu 1967-nji ýylda Stambulda ermeni maşgalasynda dünýä indi. Ol Massaçusets tehnologiýa institutynyň professory, ABŞ-nyň Milli Ylymlar akademiýasynyň agzasy. Jeýms Robinson 1960-njy ýylda dünýä indi, ol ABŞ-nyň Çikago uniwersitetinde işleýär. Saýmon Jonson 1963-nji ýylda Beýik Britaniýada dünýä indi, häzirki wagtda ABŞ-nyň Massaçusets tehnologiýa institutynda işleýär.
2012-nji ýylda Aljemoglu we Robinson soňky ýyllaryň iň esasy syýasy-ykdysady bestsellerleriniň birine öwrülen “Näme üçin käbir ýurtlar baý, beýlekiler garyp” kitabyny çykardylar. 2019-njy ýylda olaryň politologiýa we şahsyýet erkinligi meselelerine bagyşlanan “Dar geçelge” kitaby çykdy.
Jonson New York Times, Bloomberg, The Financial Times, The Washington Post, The Wall Street Journal ýaly abraýly neşirlerde çap edilen makalalary bilen bellidir.
Baýrak 1968-nji ýylda Şwesiýanyň Döwlet banky tarapyndan esaslandyryldy we Patyşalyk akademiýasynyň Nobel komiteti tarapyndan berilýär.
Ykdysadyýet boýunça laureatlaryň yglan edilmegi Nobel hepdeligini jemleýär. Baýraklaryň gowşurylyş dabarasy 10-njy dekabrda, Alfred Nobeliň aradan çykan güni bolar.
Baýragyň pul möçberi 11 mln şwed kronyna deň – häzirki hümmet boýunça 1 mln ABŞ dollaryndan gowrak.


düýn 16:02
809

Döwlet biržasynda geleşikleriň jemi bahasy 62 mln ABŞ dollaryndan gowrak boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň (TDHÇMB) söwdalarynda geleşikleriň 27-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

20.06.2026 11:35
3.8k+

Türkmenistanyň Prezidenti bilen Malaýziýanyň premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi

19-njy iýunda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Türkmenistana resmi sapar bilen gelen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi. Bu barada......

19.06.2026 19:30
3.5k+

Şweýsariýa dünýäniň iň bäsdeşlige ukyply ykdysadyýeti adyny ýitirdi

Şweýsariýa dünýäde bäsdeşlige ukyplylygyň IMD World Competitiveness Ranking ýyllyk reýtinginde birinji ornuny ýitirdi. Ýurduň ykdysadyýeti dünýä liderligini Singapura berip, üçünji orna düşdi. Täzelenen......

18.06.2026 22:09
1.7k+

Türkmenistanyň wekiliýeti Daşkentde geçirilen TIIF-2026 maýa goýum forumyna gatnaşdy

Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri N.Agahanowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti 16—18-nji iýun aralygynda Özbegistanyň paýtagtynda geçirilen bäşinji Daşkent halkara maýa goýum......