2021-nji ýylyň Parahatçylyk boýunça Nobel baýragynyň eýeleri Oslodaky gowşurylyş dabarasyna gelip bilerler

  • 28.10.2021 23:49
  • 4.8k+

2021-nji ýylda Parahatçylyk boýunça Nobel baýragynyň gowşurylyş dabarasy 10-njy dekabrda Osloda ýüzbe-ýüz görnüşde geçiriler, oňa laureatlaryň şahsy gatnaşmagyna garaşylýar. Bu barada Norwegiýanyň Nobel komiteti habar berdi diýip, TASS belleýär.

“Norwegiýanyň Nobel komiteti şu ýyl Parahatçylyk boýunça Nobel baýragynyň gowşurylyş dabarasynyň ýüzbe-ýüz görnüşde boljakdygy we 10-njy dekabrda Oslo şäher edarasynda geçiriljekdigi baradaky karara geldi. Komitet 2021-nji ýylyň laureatlary Mariýa Ressanyň we Dmitriý Muratowyň dabara gelmegine garaşýar. Mundan başga-da, dabarada 2020-nji ýylda Parahatçylyk baýragyny alan BMG-niň Bütindünýä azyk maksatnamasyna ýerine ýetiriji müdiri Dewid Bizli tarapyndan wekillik ediler” – diýlip, komitetiň saýtyndaky habarda aýdylýar.

“Nowaýa gazetanyň” baş redaktory Dmitriý Muratow bilen filippinli žurnalist Mariýa Ressa “demokratiýa we berk parahatçylyk üçin şert bolan söz azatlygyny goramak ugrundaky tagallalary” üçin 2021-nji ýylda Parahatçylyk boýunça Nobel baýragynyň eýeleri boldular. 

Baýrak gowşurylyş dabarasy adatça 10-njy dekabrda – Alfred Nobeliň aradan çykan güni Osloda geçirilýär. Geçen ýyl ol pandemiýa sebäpli onlaýn görnüşde geçirildi. 


29.01.2026 10:25
4.4k+

Emeli aňyň adaty zada öwrülen ýerleri: Ýurtlar boýunça ornaşdyrylyş kartasy

2025-nji ýylyň ikinji ýarymynda dünýäniň zähmete ukyply ilatynyň 16,1%-i emeli aňy ulandy. Bu görkeziji EA tehnologiýalarynyň entek jemgyýetiň diňe belli bir bölegine ýaýrandygyny we geljekde ösmek üçin uly mümkinçilikleriniň bardygyny aňladýar...

11.12.2025 19:12
4k+

Stokgolmda we Osloda 2025-nji ýylyň Nobel baýraklarynyň gowşurylyş dabarasy geçirildi

Stokgolmda fizika, himiýa, lukmançylyk, ykdysadyýet we edebiýat ugurlary boýunça 2025-nji ýylyň Nobel baýraklarynyň gowşurylyş dabarasy geçirildi. Çäre Stokgolmyň konsert zalynda geçdi we oňa Şwesiýanyň patyşalyk maşgalasynyň agzalary, premýer-ministr Ulf Kristersson, hökümet we partiýa wekilleri, daşary ýurt myhmanlary, şeýle-de laureatlar we çagyrylan myhmanlar gatnaşdy...

13.10.2025 17:20
5k+

Ykdysadyýet boýunça Nobel baýragy innowasiýalar bilen ösüşiň arasyndaky baglanyşygyň öwrenilendigi üçin berildi

2025-nji ýylda Alfred Nobeliň hatyrasyna ykdysadyýet boýunça baýrak Joel Mokire, Filipp Agiona we Piter Hauite berildi. Bu barada Şwesiýanyň patyşalyk ylymlar akademiýasy habar berdi. Baýragyň ýarysyny tehnologik ösüşiň esasynda ykdysadyýetiň durnukly ösmeginiň sebäplerini düşündirendigi üçin amerikan-ysraýylly ykdysadyýet taryhçysy Joel Mokir alar...

10.10.2025 17:21
6.8k+

Parahatçylyk boýunça Nobel baýragyny Wenesueladan syýasatçy Mariýa Korino Maçado aldy

Osloda 2025-nji ýylyň Nobel parahatçylyk baýragynyň eýesi yglan edildi. Baýraga Wenesueladan oppozision syýasatçy Mariýa Korino Maçado mynasyp boldy. Ozal Maçado Wenesuelanyň parlamentiniň deputaty bolupdy we 2012-nji ýylda prezident saýlawlaryna gatnaşdy...