Türkmenistan Eýran bilen deňiz gatnawlarynyň açylmagyny teklip etdi

  • 28.10.2021 13:12
  • 6.6k+

27-nji oktýabrda EYR-na saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Eýran Yslam Respublikasynyň Ýol we şähergurluşyk ministri Rostam Gasemi bilen duşuşygy geçirildi. Onuň çäklerinde söhbetdeşler iki ýurduň arasyndaky ykdysadyýetiň möhüm pudaklarynda alnyp barylýan netijeli hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny ara alyp maslahatlaşdylar.

Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň bu goňşy döwlet bilen bilelikde amala aşyrýan awtomobil ýollary, demirýollary ugurlary boýunça taslamalary barada gürrüň edildi. Türkmen tarapy üstaşyr ýük daşamalarynyň möçberini has hem artdyrmagy, şeýle hem iki ýurduň arasynda deňiz gatnawlarynyň ýola goýulmagyny teklip etdi.

Şeýle-de saparyň çäklerinde Türkmenistanyň wekiliýetiniň agzalarynyň Eýranyň ugurdaş ministrlikleriniň, pudak edaralarynyň we hususy kompaniýalaryň ýolbaşçylary bilen ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirildi.


11.05.2026 22:55
972

Geçen hepde biržada geleşikleriň jemi bahasy 11 mln 375 müň ABŞ dollaryna deň boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 17-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

11.05.2026 15:51
5.7k+

Wýetnam 16 milliard dollarlyk täze mega howa menzilini gurýar

Wýetnam dünýäde iň uly infrastruktura taslamalarynyň birini - 16 milliard dollarlyk Longthan mega howa menziliniň gurluşygyny durmuşa geçirmäge başlady....

06.05.2026 20:34
10k+

Zaha Hadid Architects kompaniýasynyň wekilleri «Ak şäherim Aşgabat 2026» forumyna gatnaşar

Zaha Hadid Architects binagärlik býurosynyň wekilleriniň 24-25-nji maýda Türkmenistanyň paýtagtynda geçiriljek «Ak şäherim Aşgabat 2026» XXV halkara sergisine we maslahatyna gatnaşmagyna garaşylýar. Bu barada......

03.05.2026 16:02
12k+

Şäherleriň ululygyndaky howa menzilleri: dünýäniň iň uly 7 howa menzili

Häzirki zaman howa menzilleri köpden bäri diňe uçuş we gonuş nokatlary bolmagyny bes etdi. Olar awiasiýanyň geljekki onlarça ýyllar öňünden logistika, biznes we strategiýa bilen baglanyşykly giň......