Ilon Maskyň baýlygy Tesla-nyň kapitallaşdyrmasyndan soň 25 mlrd dollar artdy

  • 27.10.2021 23:21
  • 4k+

“Forbes” žurnalynyň milliarderler bilen bagly sanawyndaky maglumatlara görä, Tesla kompaniýasyny esaslandyryjy Ilon Maskyň baýlygy 25,6 mlrd dollar (11,13%) artyp, 255,2 mlrd dollara ýetdi. Bu barada www.rbc.ru habar berýär.

Şol bir wagtyň özünde, Bloomberg-iň reýtingi Maskyň baýlygynyň 36,2 mlrd dollar ýokarlanandygyny, şondan soň onuň baýlygynyň 289 mlrd dollara ýetendigini görkezýär.

Häzirki wagtda Mask iki reýtingde-de birinji orny eýeleýär. Onuň yzyndan Amazon kompaniýasyny esaslandyryjy Jeff Bezos we Louis Vuitton Moet Hennessy kompaniýalar toparynyň prezidenti Bernar Arno gelýär.

Ilon Maskyň baýlygy duşenbe güni Tesla-nyň paýnamalary 9,75% ýokarlanandan we kompaniýanyň kapitallaşdyrmasy ilkinji gezek 1 trln dollara ýetenden soň artdy. Tesla bazar bahasy 1 trln dollardan geçen bäş kompaniýanyň biri boldy.

Tesla kompaniýasynyň görkezijileriniň şeýle ösüşi Hertz kärende hyzmatyndan taryhynda iň uly elektromobil sargytlaryny almagy bilen baglanyşyklydyr. Tesla 2022-nji ýylyň ahyryna çenli 100 müň elektromobili ýola goýmaly. Sargydyň esasy bölegini Model 3 elektromobilleri düzýär.


04.02.2026 15:29
7.7k+

Ilon Maskyň baýlygy 850 mlrd dollardan geçdi: Ol eýýäm şu ýyl dünýäde ilkinji trillioner bolup biler

Ilon Mask maliýe rekordlaryny täzeden ýazýar. Onuň umumy baýlygy 852 milliard dollara ýetdi we ol kapitaly 800 milliarddan aşan dünýädäki ilkinji ynsan boldy. Bu duýdansyz ösüş SpaceX we xAI kompaniýalarynyň birleşmegi netijesinde ýüze çykdy...

03.02.2026 20:11
2.7k+

Ilon Mask özüniň SpaceX we xAI kompaniýalarynyň birleşýändigini yglan etdi

​Amerikaly telekeçi Ilon Mask özüniň SpaceX kosmos kompaniýasynyň we emeli aň ulgamyndaky xAI startap kompaniýasynyň birleşýändigini yglan etdi, diýlip SpaceX saýtynda habar berilýär. ​Işewüriň aýtmagyna görä, iki kompaniýanyň birleşmegi bir wagtda emeli aň, raketagurluşyk, internet hyzmatlaryny hödürlemek we sosial media bilen meşgullanyp biljek «innowasion maşynyň» peýda bolmagyna getirer...

31.01.2026 14:33
7.4k+

Ilon Maskyň üç kompaniýasynyň birleşmek mümkinçiligi maslahatlaşylýar

SpaceX kompaniýasy Ilon Maskyň beýleki kompaniýalary bolan xAI ýa-da Tesla bilen birleşmek mümkinçiligini maslahatlaşýar diýip, Reuters agentligi habar berýär. Gepleşikler şu ýyla meýilleşdirilen paýnamalaryň ilkinji gezek köpçülige hödürlenmegine (IPO) taýýarlyk görülýän wagty geçirilýär...

30.01.2026 14:25
3k+

SpaceX-iň IPO-syny Maskyň doglan gününe we planetalaryň ýörişine gabatlap geçirjek bolýalar

Financial Times neşiriniň berýän habaryna görä, SpaceX kompaniýasy paýnamalarynyň ilkinji gezek köpçülige hödürlenmegini (IPO) 2026-njy ýylyň iýun aýynyň ortalaryna geçirmegi meýilleşdirýär. Neşirde bu senäniň saýlanyp alynmagynyň sebäbi şol aýda kärhananyň esaslandyryjysy Ilon Maskyň doglan gününiň, şeýle-de planetalaryň ýörişiniň boljakdygy bilen baglanylýar...