Tesla Model 3 в сентябре впервые стала лидером продаж в Европе

  • 27.10.2021 00:05
  • 6.1k+

Tesla Model 3 elektromobili sentýabr aýynda ýewropa bazarynda iň köp satylýan model boldy. JATO Dynamics derňew kompaniýasynda bellenilişi ýaly, Ýewropanyň awtoulag bazarynyň taryhynda ilkinji gezek elektromobil iň köp satylýan model boldy we ilkinji gezek sanawda birinji orny Ýewropanyň daşynda çykarylan model eýeledi. Bu barada autostat.ru habar berýär.

Model 3-iň ýokary görkezijileri, esasan, Tesla-nyň çärýegiň ahyryndaky güýçli satuwy bilen baglanyşyklydyr. Sentýabr Ýewropada amerikan awtoöndürijisi üçin üstünlikli aý boldy – kompaniýanyň 2018-nji ýyldan bäri üçünji çärýekdäki üpjünçiliginiň ortaça 68%-i bu aýyň paýyna düşdi, häzirki görkezijiler bolsa çärýek satuwynyň 74%-ini emele getirdi. Ýewropa bazaryna çykany bäri Model Y hem gowy netijeleri görkezip, iň meşhur elektromobilleriň (BEV) sanawynda ikinji orny eýeledi. 

JATO Dynamics-iň maglumatlary boýunça, geçen aý Ýewropada iň köp satylýan model 24591 satylan ulag (+58%) bilen Tesla Model 3 boldy. Ikinji orny satuwy 18264 birlik bolan Renault Clio (-23%) eýeleýär. Üçlügi Dacia Sandero jemledi, bu modeliň satuwy 3%, ýagny 17988 awtomobile çenli azaldy. Onuň yzyndan Volkswagen Golf gelýär, ony 17507 ýewropaly alyjy satyn aldy (-39%). Liderleriň bäşligini 16349 nusga bilen Fiat 500 jemleýär (-3%).

Ýewropada iň köp satylýan modelleriň onlugyna Opel/Vauxhall Corsa (15505 birlik, -41%), Peugeot 2008 (14931 birlik, -16%), Hyundai Tucson (14088 birlik, +40%), Peugeot 208 (13895 birlik, -31%) we Renault Captur (13715 birlik, -36%) hem girdi. 


29.05.2026 23:38
3.3k+

Honda создаст новую платформу для электрокаров вопреки убыткам в $15,7 млрд

Компания Honda разрабатывает новую архитектуру для будущих моделей, которая позволит выпускать как полностью электрические автомобили, так и гибриды. Решение принято несмотря на убытки в размере 15,7 млрд......

28.05.2026 12:32
3.6k+

BMW выпустила двухмиллионный электромобиль

BMW Group объявила о выпуске двухмиллионного полностью электрического автомобиля. Если на производство первого миллиона электрокаров компании потребовалось 11 лет — с момента выхода модели BMW i3 в 2013 году,......

27.05.2026 14:16
1.7k+

Что Luce для Ferrari? Первый электромобиль бренда обвалил акции компании

Итальянский автопроизводитель Ferrari представил в Риме свой первый полностью электрический автомобиль Luce. Поставки пятиместной машины начнутся в октябре....

22.05.2026 10:06
6.5k+

Летающий электромобиль Alef выполнил уже свыше тысячи испытательных полётов

Американский стартап Alef Aeronautics сообщил, что его летающий электромобиль Model A выполнил более тысячи испытательных полётов. Первые поставки клиентам компания рассчитывает начать в 2027 году....