Belgradda boks boýunça Dünýä çempionaty badalga aldy

Belgradda boks boýunça Dünýä çempionaty badalga aldy

Serbiýanyň paýtagty Belgradda boks boýunça Dünýä çempionaty başlandy. Bu barada sportrg.ru habar berdi.

Dünýä çempionaty Halkara boks birleşigi tarapyndan tassyklanan hem-de 2021-nji ýylyň 1-nji oktýabrynda güýje giren 13 agram derejesi boýunça geçirilýär.  Bäsleşigiň baýrak gaznasy 2,6 million dollar bolar. Her agramda çempion bolanlar, şeýle hem kümüş we bürünç medal gazananlar, degişlilikde, 100 müň, 50 müň we 25 müň dollar pul baýragyny alarlar.

Professional boksçylar Roý Jones Jr., serb aktýory Miloş Bikowiç, fransuz aktýory Said Tagmaui, iki gezek dünýä çempiony Roberto Kammarelle, Germaniýanyň çempiony Zeýna Nassar dagy Dünýä çempionatynyň ýüzi hökmünde çykyş edýärler.

Dünýä çempionatynyň deslapky duşuşyklary 25-nji oktýabrdan 2-nji noýabr aralygynda dowam eder we ýarym final tutluşyklary 4-nji noýabrda bolar. Dünýä çempionatynyň finaly 5-nji we 6-njy noýabrda geçiriler.