Türkmenistanyň biržasynda bahasy 62,5 million dollara golaý 43 geleşik baglaşyldy

  • 25.10.2021 13:06
  • 5.4k+

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 43-si hasaba alyndy. Olaryň jemi bahasy ABŞ-nyň 62 million 433 müň dollaryndan gowrak boldy.

Daşary ýurt puluna Russiýanyň, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Şweýsariýanyň, Türkiýe Respublikasynyň, Owganystanyň, Gonkongyň, Maltanyň, Panamanyň we beýleki ýurtlaryň telekeçileri Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen uçar kerosinini, binýatlyk ýagy, gurluşyk nebit bitumyny, polipropileni satyn aldylar. Tehniki kükürt Singapuryň işewür toparlarynyň wekilleriniň geleşikleriniň esasyny düzdi. Bulardan başga-da, daşary ýurt puluna Russiýa Federasiýasynyň, Türkiýäniň, Owganystanyň, Azerbaýjanyň, Ermenistanyň, Ukrainanyň, Gyrgyzystanyň işewürlerine float aýnasy, tekiz boýalan we žakkard tüýjümek önümler hem-de nah ýüplük ýerlenildi. BAE-niň we Gazagystanyň işewür toparlarynyň wekilleri jemi bahasy 12 million 48 müň manada deň bolan nah ýüplügi satyn aldylar.

Ýurdumyzyň telekeçileri içerki bazar üçin jemi bahasy 179 million 738 müň manatlykdan gowrak el haly işlerini, pagta süýümini, pagta lintini we plastik gaplary satyn aldylar.


düýn 22:54
566

Misiň dünýä bazaryndaky nyrhy önümçilikdäki bökdençlikler sebäpli gymmatlaýar

Dünýä bazarlarynda misiň bahasy bir tonna üçin 14 000 dollardan geçip, taryhy iň ýokary derejesine golaýlady. Bloomberg agentliginiň habar berşi ýaly, nyrhlaryň beýle çalt ýokarlanmagyna magdan känlerindäki......

düýn 22:49
1.3k+

Narendra Modi hindistanlylary bir ýyllap altyn satyn almazlyga çagyrdy

Hindistanyň Premýer-ministri Narendra Modi halka ýüzlenip, iň bolmanda bir ýyl möhlet bilen altyn satyn almakdan saklanmaga çagyrdy. Hökümet baştutanynyň pikiriçe, bu çäre dünýä ykdysadyýetindäki durnuksyzlyk......

12.05.2026 20:41
11k+

ABŞ-nyň awtoulag senagaty Trampdan bazary hytaý awtoulaglaryna açmazlygy soraýar

Amerikan awtoulag öndürijileri, üpjün edijileri, polat guýujy kompaniýalary, kärdeşler arkalaşyklary we kanun çykaryjylar ABŞ-nyň prezidenti Donald Trampy ABŞ bazarynyň hytaý awtoulaglary üçin açylmagyna ýol......

12.05.2026 20:15
1.6k+

Aşgabatda «Agro Pack Turkmenistan – 2026» halkara sergisi geçirilýär

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda oba hojalyk harytlarynyň we azyk senagatynyň «Agro Pack Turkmenistan – 2026» atly halkara sergisi açyldy. Bu ýerde ýerli we daşary ýurtlaryň işewür......