HT Aero uçýan awtoulaglaryny eýýäm 2024-nji ýylda çykaryp başlamagy meýilleşdirýär

  • 24.10.2021 14:57
  • 11k+

Hytaýyň elektrik awtoulag öndürijisi Xpeng tarapyndan hemaýatkärlik edilýän HT Aero kompaniýasy eýýäm 2024-nji ýylda özüniň uçýan apparatlaryny satuwa çykarmagy meýilleşdirýär. Munuň üçin ol daşarky maýadarlardan 500 million dollardan gowrak pul toplady. Bu barada msn.com habar berdi.

HT Aero markasy öz gözlegleri üçin goýulýan maýa goýumlaryny diňe uçýan däl-de, eýsem, ýerden ýöreýän apparatlaryň täze modelini döretmek üçin hem peýdalanar.

Şeýle hem kompaniýanyň öz uçýan awtoulagyny 2024-nji ýyldan başlap çykaryp ugrajakdygy, has takyk seneleriniň bolsa birneme soňrak mälim ediljekdigi aýdylýar.

Elektrik dik uçuş we gonuş (eVTOL) ulaglary diýlip atlandyrylýan uçýan awtoulaglar soňky döwürde awtoulag pudagynyň ünsüni özüne çekip gelýär. Häzirki wagtda Hyundai, Lilium ýaly beýleki awtoulag markalary hem öz uçýan ulaglarynyň üstünde işleýärler.


24.05.2026 06:47
3k+

Xiaomi 8000 mA/sag batareýaly Xiaomi 17 Max flagmanyny tanyşdyrdy

Xiaomi kompaniýasy Hytaýda sygymy 8000 mA/sag bolan akkumulýator, Snapdragon 8 Elite Gen 5 prosessory we 200 Mp esasy kamera bilen enjamlaşdyrylan Xiaomi 17 Max flagman smartfonynyň tanyşdyrylyşyny geçirdi....

23.05.2026 23:40
2.1k+

Xiaomi özüniň ilkinji klipsa gulaklyklaryny satuwa çykardy

Xiaomi kompaniýasy Hytaýda bahasy 849 ýuan (takmynan, $124) bolan ilkinji açyk görnüşli klipsa gulaklyklaryny hödürledi. Satuwyň ilkinji günlerinde bu gurluşy arzanladylan bahadan — 799 ýuana (takmynan, $117)......

21.05.2026 12:26
6.8k+

Apple duýdansyz ýagdaýda Hytaýda iPhone 17 Pro-nyň bahalaryny döwdi: arzanladyşlar baryp 300 dollara ýetýär

Apple kompaniýasy Hytaýda iPhone 17 seriýasynyň bahalaryny aşakladyp başlady. 15-nji maýdan başlap, iPhone 17 Pro-nyň bahasy 1000 ýuan (147 dollar) arzanlady, trade-in maksatnamalaryny we goşmaça subsidiýalary......

17.05.2026 20:04
2.5k+

Dünýäde ilkinji: Huawei we Midea otagdaky kömürturşy gazynyň derejesini sazlamaga ukyply kondisionerleri döretdiler

«Midea» we «Huawei» kompaniýalary Hytaýda dünýäde ilkinji HarmonyOS operasion ulgamynda işleýän akylly kondisionerleri tanyşdyrdylar. Bu enjamlar otagdaky kömürturşy gazynyň (CO2) derejesini awtomat usulda......