HT Aero uçýan awtoulaglaryny eýýäm 2024-nji ýylda çykaryp başlamagy meýilleşdirýär

  • 24.10.2021 14:57
  • 11k+

Hytaýyň elektrik awtoulag öndürijisi Xpeng tarapyndan hemaýatkärlik edilýän HT Aero kompaniýasy eýýäm 2024-nji ýylda özüniň uçýan apparatlaryny satuwa çykarmagy meýilleşdirýär. Munuň üçin ol daşarky maýadarlardan 500 million dollardan gowrak pul toplady. Bu barada msn.com habar berdi.

HT Aero markasy öz gözlegleri üçin goýulýan maýa goýumlaryny diňe uçýan däl-de, eýsem, ýerden ýöreýän apparatlaryň täze modelini döretmek üçin hem peýdalanar.

Şeýle hem kompaniýanyň öz uçýan awtoulagyny 2024-nji ýyldan başlap çykaryp ugrajakdygy, has takyk seneleriniň bolsa birneme soňrak mälim ediljekdigi aýdylýar.

Elektrik dik uçuş we gonuş (eVTOL) ulaglary diýlip atlandyrylýan uçýan awtoulaglar soňky döwürde awtoulag pudagynyň ünsüni özüne çekip gelýär. Häzirki wagtda Hyundai, Lilium ýaly beýleki awtoulag markalary hem öz uçýan ulaglarynyň üstünde işleýärler.


düýn 14:41
1.7k+

Hytaýda tüwini robotlar üçin «akylly» serişde hökmünde ulanmak isleýärler

Birmingem uniwersitetiniň hünärmenleri adaty şaly däneleriniň ýüküň tizliginden täsirlenip, «akylly» serişde ýaly hereket edip biljekdigini görkezdiler. Barlag Matter žurnalynda çap edildi. Gowşak basyşda şaly däneleri owranmaýar we durkuny saklaýar...

16.02.2026 17:40
2.1k+

Huawei Hytaýyň akylly sagat bazarynda öňdebaryjy, ýöne Apple ösüşini çaltlandyrýar

Huawei kompaniýasy üpjünçiligini 46,8% artdyryp, bazaryň 24,5%-ine eýe bolmak bilen, Hytaýyň akylly sagat bazarynda birinji orny eýeledi. Bu barada Runto guramasynyň maglumatlaryna salgylanyp, My Drivers neşiri habar berýär...

13.02.2026 18:03
3.7k+

Hytaýda gumanoid robotlaryň söweşi boýunça dünýäde ilkinji liga döredildi: baş baýrak – 1,44 mln dollar

Hytaýyň Şençžen şäherinde adam şekilli robotlaryň söweşi boýunça dünýäde ilkinji mugt liganyň – Ultimate Robot Knockout Legend (UKRL) ligasynyň işe girizilendigi yglan edildi. Ýaryşlara ýörite söweşler üçin işlenip düzülen EngineAI kompaniýasynyň T800 modelleri gatnaşýar...

13.02.2026 10:25
1.3k+

Hytaý kosmosda ilkinji gezek «beýni—kompýuter» interfeýsini synagdan geçirdi

Hytaý alymlary dünýäde ilkinji gezek orbitada simsiz oturdylýan «beýni-kompýuter» interfeýsiniň (BCI) işini synagdan geçirendiklerini habar berdiler. Bu synagyň maksady — şeýle tehnologiýanyň kosmos şertlerinde işlemek ukybynyň näderejededigini anyklamakdan ybarat...