«Red Bull-dan» Werstappen Formula-1-da ABŞ-nyň Gran-prisiniň kwalifikasiýany ýeňdi

  • 24.10.2021 10:12
  • 3k+

«Red Bull» toparynyň niderlandly sürüjisi Maks Werstappen ABŞ-nyň Gran-prisiniň kwalifikasiýasynyň netijeleri boýunça birinji orny eýeledi. Bu tapgyr «Formula - 1» maşyn klasyndaky awtoýaryşlar boýunça dünýä çempionatynyň 17-nji tapgyrydyr. Ýaryş Ostin şäherinde geçirilýär.

Werstappen iň gowy aýlawyny 1 minut 32,910 sekuntda geçdi. Ikinji netijäni «Mersedesiň» britaniýaly sürüjisi Lýuis Hemilton (0,209 sekunt yzda), üçünjini «Red Bull-dan» meksikaly Serhio Peres (+0,224) görkezdi. «Mersedesiň» finlýandiýaly sürüjisi Waltteri Bottas dördünji orny eýeledi.

Ýaryş 24-nji oktýabrda aşgabat wagty bilen 23:45-de başlanar.


01.06.2026 17:02
5.5k+

DÇ-2026-nyň stili: geljekki çempionatyň iň gelşikli we gelşiksiz futbol lybaslary kesgitlendi

Futbol boýunça dünýä çempionatynyň başlanmagyna sanlyja günler galdy. Şonuň üçin şu günler esasan futbol, şeýle-de biletleriň gymmatlygy, FIFA-nyň töweregindäki düşnüksiz jedeller we dürli guramalaryň......

23.05.2026 16:21
11k+

On adam üçin 1,4 milliard dollar: Forbes sport dünýäsiniň henizem weteranlar tarapyndan dolandyrylýandygyny görkezdi

Forbes žurnalynyň şu ýylky iň köp hak tölenýän türgenler boýunça reýtingi sportuň rowaýaty türgenleriniň 40 ýaşdan soň hem ýaş super ýyldyzlardan köp pul gazanýandygyny görkezdi....

21.05.2026 23:19
8.5k+

FIFA Eýranyň 2026-njy ýylyň Dünýä çempionatyna gatnaşmagy üçin kepillik berdi

Eýranyň Daşary işler ministrligi ýurduň milli ýygyndysynyň ABŞ-nda, Kanadada we Meksikada geçiriljek 2026-njy ýylyň Dünýä çempionatyna gatnaşmak üçin Halkara futbol federasiýasyndan (FIFA) kepillik alandygyny......

15.05.2026 18:58
10k+

Klimatologlar dünýä çempionatynda aşa howply yssynyň boljakdygyny duýdurýarlar

Klimatologlar 2026-njy ýylda ABŞ-da, Kanadada we Meksikada geçiriljek futbol boýunça dünýä çempionatynyň käbir oýunlarynyň futbolçylaryň we janköýerleriň saglygyna zeper ýetirip biljek aşa yssy şertlerde......