Türkmenistanda Aral milli maksatnamasy kabul edildi

  • 23.10.2021 09:27
  • 7k+

22-nji oktýabrda geçirilen Hökümet mejlisinde Türkmenistanyň Prezidenti degişli Karara gol çekdi. Resminama bilen, Türkmenistanyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Aral milli maksatnamasy hem-de şu maksatnamany amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirmeli çäreleriň meýilnamasy tassyklanyldy.

Bu maksatnamanyň esasy maksady daşky gurşawy goramakdan, howanyň üýtgemeginiň öňüni almak babatda alnyp barylýan işleriň netijeliligini has-da ýokarlandyrmakdan, ýurdumyzyň Aral deňzi sebitiniň durmuş-ykdysady we ekologiýa ýagdaýyny gowulandyrmakdan, Aralyň ýaramaz täsirini peseltmekden, şeýle hem Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň kabul eden “Birleşen Milletler Guramasy bilen Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň arasynda hyzmatdaşlyk” atly Kararnamasyndan gelip çykýan wezipeleri ýerine ýetirmekden ybaratdyr.


şu gün 19:38
631

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

şu gün 19:26
371

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

düýn 20:55
2.6k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.3k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......