BMG-niň kiberhowpsuzlyk boýunça konwensiýasy 2023-nji ýylda kabul edilip bilner

BMG-niň kiberhowpsuzlyk boýunça konwensiýasy 2023-nji ýylda kabul edilip bilner

BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan kiberhowpsuzlyk boýunça konwensiýanyň 2023-nji ýylda kabul edilmegi meýilleşdirilýär. Bu barada Bütindünýä guramasynyň Baş Assambleýasynyň 76-njy sessiýasynyň başlygy, Maldiwleriň wekili Abdulla Şahid TASS bilen söhbetdeşlikde aýtdy.

“Konwensiýanyň taslamasy 2023-nji ýylda Baş Assambleýanyň 78-nji sessiýasyna tassyklanmak üçin tabşyrylmaly. Men ähli ýurtlar bilelikde ýygnanyşyp, konwensiýanyň şu senä çenli kabul edilmäge taýýar bolmagy, şeýle-de bu möhüm ugry kadalaşdyrar ýaly halkara ülňüleriň we düzgünleriň bolmagy üçin näme etmelidigini ara alyp maslahatlaşmaly diýip hasaplaýaryn” – diýip, Şahid belledi.

Şahid kiber howplaryň ýurtlaryň milli howpsuzlygy we dünýädäki parahatçylyk üçin uly çagyryşa öwrülýändigini belledi. “Bu meselede ýurtlary birleşdirmek üçin ähli mümkin bolan tagallalary etmeli” – diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.

Halkara parahatçylyk we howpsuzlyk üçin beýleki howplaryň arasynda Baş Assambleýanyň başlygy terrorizmi görkezdi. “Pandemiýa ýaly, ol hem çägi bilmeýär. Onuň din bilen hiç hili baglanyşygy ýok. 2006-njy ýylda Baş Assambleýa her iki ýyldan täzelenýän terrorçylyga garşy global strategiýany kabul etdi. Ähli ýurtlaryň bu strategiýanyň düzgünlerini durmuşa geçirmegi möhümdir” – diýip, Abdulla Şahid aýtdy.