Steam-de 89 million hasabyň maglumatlary internete syzdy. Ulanyjylara parollaryny çalyşmak maslahat berilýär

  • 17.05.2025 09:08
  • 2.5k+

Hakerler Steam platformasyndaky 89 million hasabyň maglumatlaryny ogurlady diýip, «XDA» portaly habar berýär. Muny «Underdark AI» atly kiberhowpsuzlyk kompaniýasy ýüze çykardy. Olaryň LinkedIn sahypasynda berýän maglumatlaryna görä, «Machine1337» lakamly ulanyjy bu maglumat bazasyny darknetde 5000 dollara satýar.

Eger-de bu maglumatlaryň dogrulygy tassyklansa, onda bazany satyn alanlar iki faktorly tassyklama goragy bolmadyk Steam hasaplaryna girip bilerler, şeýle-de ulanyjylar oýun kitaphanalaryndan mahrum bolup bilerler. Beýleki hasaplaryň maglumatlary bolsa, aldawçylyk (phishing) hatlaryny ibermek üçin ulanylyp bilner.
«XDA» portaly hasabynda iki faktorly tassyklamasy bolmadyk Steam ulanyjylaryna gyssagly parollaryny çalyşmagy maslahat berýär. Galan ulanyjylar, ýagny iki faktorly goragy bolanlar, ähtimal, goraglydyrlar. Sebäbi, syzan maglumatlaryň arasynda bu goragy ýeňip geçmäge mümkinçilik berýän zat ýok.
Syzmanyň takyk çeşmesi entek belli däl. Ýöne bu ýagdaýyň sebäbi Steam-iň ýa-da platformanyň iki faktorly tassyklaýyş ulgamyny üpjün edýän Twilio kompaniýasynyň gönümel döwülmegi bilen däl-de, üpjünçilik zynjyrynyň bozulmagy bilen baglanyşykly bolmaly.
Valve kompaniýasy Steam-däki hasaplaryň umumy sanyny mälim etmeýär. 2019-njy ýylda platforma 1 milliard hasaba alnan ulanyjy sanyndan geçipdi. Ýöne olaryň ählisi işjeň däl. 2025-nji ýylyň ýagdaýyna görä, Steam-iň aýlyk 132 million işjeň ulanyjysy bar.


19.02.2026 12:42
1.8k+

Heniz ulanylmadyk müňlerçe täze Android enjamlaryndan Keenadu atly wirus tapyldy

"Kasperskiý barlaghanasynyň" hünärmenleri dünýä boýunça 13 müňden gowrak täze Android enjamynda Keenadu atly zyýanly programma üpjünçiligini ýüze çykardylar. Iň köp zäherlenen enjamlar Russiýada (9 müňe golaý) hasaba alyndy, şeýle hem Ýaponiýada, Braziliýada we Ýewropa ýurtlarynda wirusyň ýaýran halatlary bar...

26.01.2026 09:58
2.8k+

Gmail-e derek Proton Mail, Telegram-a derek Signal: Ethereum-iň esaslandyryjysy haýsy programmalary howpsuz hasaplaýandygyny aýtdy

Ethereum kriptowalýutasyny esaslandyryjy Witalik Buterin ulanyjy maglumatlarynyň goraglylygyna we "hasaplama özbaşdaklygyna" üns berip, gündelik ulanýan programmalaryny nähili üýtgedendigi barada X (öňki Twitter) ulgamynda maglumat berdi...

17.01.2026 22:33
3.3k+

Sony we JBL-iň millionlarça nauşnikleriň gizlin diňlenme howpuna sezewar boldy

Belgiýanyň Leuven uniwersitetiniň kiberhowpsuzlyk boýunça bilermenleri Google-yň Bluetooth esasly Fast Pair protokolyny goldaýan ses enjamlarynda möhüm näsazlygyň bardygyny anykladylar. Şunlukda bu kemçilikler...

25.12.2025 11:40
1.9k+

Hakerler Spotify-yň 86 mln aýdymyna elýeterli boldy we olary torrent arkaly ýaýradar

Hakerler topary Spotify-yň fonotekasyny döwüp, millionlarça audio faýllara elýeterli boldy diýip, Billboard habar berýär. Hakerler Annaʼs Archive blogunda özleriniň 86 million aýdymy we 256 million setir meta-maglumaty ýükläp alandygyny aýtdy...