Raýan Reýnolds döredijilik arakesmesini yglan etdi

  • 21.10.2021 09:27
  • 3.1k+

"Dedpul" we "Baş gahryman" filmleriniň ýyldyzy Raýan Reýnolds öz Instagram sahypasynda kinoda "kiçeňräk" döredijilik arakesmesine gitjekdigini mälim etdi. Bu barada film.ru habar berdi.

Reýnolds iýul aýyndan bäri Will Ferrell we Oktawia Spenser bilen bilelikde Apple TV+ üçin “Gaýratly” (“Spirited”) filminiň üstünde işleýär. Çarlz Dikensiň “Roždestwo hekaýaty” romanyna esaslanýan bu filmiň surata düşüriliş işleri şenbe güni tamamlandy.

“Surata düşmek meniň üçin tamamlandy. Mundan üç ýyl ozal bolan bolsa, şeýle çylşyrymly filmi boýun almazdym. Häzir kinodan kiçeňräk arakesmä çykmak üçin ajaýyp pursat"-diýip, Reýnolds öz ýazgysynda belledi.

Baş keşplerde Dueýn Jonson we Gal Gadot çykyş edýän “Gyzyl bildiriş” uruşganly filmi Reýnoldsyň gatnaşmagynda ýylyň ahyryna çenli Netflix-de çykar. Şeýle hem häzirki wagtda onuň baş keşbi janlandyrmagynda "Baş gahryman" filminiň dowamynyň üstünde işlenilýär.

düýn 13:03
5.4k+

Taryhda ilkinji gezek 48 toparly Futbol boýunça Dünýä çempionatyna badalga berilýär

Şu gije futbol boýunça Dünýä çempionatyna badalga berler. Dabaraly açylyş oýun sagat 00:00-da başlap, “A”-toparçasyndan orun alan Meksika milli ýygyndysy bilen Günorta Afrika Resbuplikasynyň (GAR) ýygyndysynyň......

05.06.2026 13:07
4.6k+

Aşgabatda halkara moda görkezilişi geçirildi

Aşgabatdaky «TurkmenTextile Expo — 2026» halkara sergi-ýarmarkasynyň çäklerinde Fransiýa, Russiýa, Özbegistan, Marokko we Oman ýaly ýurtlardan belli moda öýleriniň hem-de ýerli meşhur brendleriň gatnaşmagynda......

01.06.2026 17:04
2.6k+

Robot MACH 33-den geýinýär: Seulda geçirilen moda görkezilişinde ynsanpisint robotlar podiuma çykdylar

Seulda geçirilen ýokary tehnologiýaly moda görkezilişinde adamlar we ynsanpisint robotlar meňzeş lybaslarda tirkeşip podiuma çykdylar....

20.05.2026 12:28
2k+

Calvin Klein «BTS-den» Çonguk bilen bilelikde kolleksiýa hödürledi

Calvin Klein markasy we «BTS» toparynyň agzasy Çonguk ilkinji bilelikdäki kolleksiýasyny taýýarlady diýip, «WWD» neşiri habar berýär....