Farrell Uilýams we Jekson Wan bilelikde döredilen ýaryş stilindäki geýim ýygyndysyny hödürlediler

  • 26.06.2025 14:41
  • 3.4k+

Gonkongly repçi Jekson Wan tarapyndan esaslandyrylan Team Wang Design we prodýuser hem-de Louis Vuitton-yň döredijilik müdiri Farrell Uilýams tarapyndan döredilen Billionaire Boys Club brendi täze hyzmatdaşlygy yglan etdi. Bu artistleriň ikinji bilelikdäki taslamasy, birinjisi East Meets West ady bilen geçen tomus çykypdy.

Täze kapsula ýygyndysyna longsliw, motostildäki tolstowka we baýker penjegi girdi. Jekson Wan bilen Farrell Uilýamsyň goly çekilen nusgalar Joopiter-de auksiona çykaryldy. Ähli toplanan girdeji Uilýams tarapyndan esaslandyrylan Black Ambition täjirçilik däl guramasyna gönükdiriler.
Ýygyndynyň temasy ýaryşdan ylham alýar, ýöne professional awtoulag sporty däl. Jekson Wanyň sözlerine görä, munuň aňyrsynda şahsy pelsepe ýatyr.  "Durmuş ýaryş diýýäris, ýöne siziňki. Başga biri bilen bäsleşmek hökman däl, esasy zat her gezek öz-özüňize garşy çykmak. Men özüm bilen bäsleşýärin" – diýip, ol WWD-ä beren interwýusynda aýtdy.

“Şahsy ýaryş” ideýasy artistiň 2023-nji ýylda karýerasyndan dynç almak kararynda hem öz beýanyny tapýar. Şol döwürde onuň leýbli şeýle ädimiň K-pop pudagyndaky karýerasyna ýaramaz täsir edip biljekdigini duýdurdy, bu ýerde sungat işgärleri her alty aýdan bir gezek albom çykarýarlar. Muňa garamazdan, bu barada janköýerleriniň pikiri başgaça: kapsulanyň tanyşdyrylyş dabarasynda ýüzlerçe janköýer Wany görmek üçin girelgäniň agzyna ýygnandy.

11.06.2026 13:03
7.4k+

Taryhda ilkinji gezek 48 toparly Futbol boýunça Dünýä çempionatyna badalga berilýär

Şu gije futbol boýunça Dünýä çempionatyna badalga berler. Dabaraly açylyş oýun sagat 00:00-da başlap, “A”-toparçasyndan orun alan Meksika milli ýygyndysy bilen Günorta Afrika Resbuplikasynyň (GAR) ýygyndysynyň......

05.06.2026 13:07
4.8k+

Aşgabatda halkara moda görkezilişi geçirildi

Aşgabatdaky «TurkmenTextile Expo — 2026» halkara sergi-ýarmarkasynyň çäklerinde Fransiýa, Russiýa, Özbegistan, Marokko we Oman ýaly ýurtlardan belli moda öýleriniň hem-de ýerli meşhur brendleriň gatnaşmagynda......

01.06.2026 17:04
2.6k+

Robot MACH 33-den geýinýär: Seulda geçirilen moda görkezilişinde ynsanpisint robotlar podiuma çykdylar

Seulda geçirilen ýokary tehnologiýaly moda görkezilişinde adamlar we ynsanpisint robotlar meňzeş lybaslarda tirkeşip podiuma çykdylar....

20.05.2026 12:28
2.1k+

Calvin Klein «BTS-den» Çonguk bilen bilelikde kolleksiýa hödürledi

Calvin Klein markasy we «BTS» toparynyň agzasy Çonguk ilkinji bilelikdäki kolleksiýasyny taýýarlady diýip, «WWD» neşiri habar berýär....