Berdimuhamedow Azerbaýjanyň Prezidentini we halkyny döwlet Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy bilen gutlady

  • 18.10.2021 11:33
  • 6.4k+

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň halkynyň, Hökümetiniň adyndan hem-de hut öz adyndan Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýewe hem-de dostlukly ýurduň doganlyk halkyna Azerbaýjan Respublikasynyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny iberdi.

Döwlet Baştutany öz Gutlagynda Garaşsyzlyk ýyllary içinde Azerbaýjanyň syýasy we durmuş-ykdysady ulgamlarda uly üstünlikleri gazanandygyny hem-de häzirki wagtda dürli pudaklarda okgunly ösüşiň dowam edýändigini belläp: “Biz Türkmenistanda Siziň parasatly baştutanlygyňyzda doganlyk Azerbaýjanyň ýeten sepgitlerine begenýäris” diýip nygtady hem-de Ilham Aliýewe berk jan saglyk, bagt we abadançylyk, Azerbaýjanyň doganlyk halkyna bolsa parahatçylyk, mundan beýläk-de ösüş we rowaçlyk arzuw etdi.

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan bilen Azerbaýjanyň arasynda diplomatik gatnaşyklar 1992-nji ýylyň 9-njy iýunynda ýola goýuldy. Geçen ýyllaryň içinde iki ýurduň arasynda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, ylym-bilim, medeni-ynsanperwer ulgamlaryň dürli ugurlary boýunça ygtybarly hyzmatdaşlyk ýola goýuldy. 


30.08.2025 18:22
2.6k+

Azerbaýjanda oktýabr aýynda Türkmenistanyň Medeniýet günleri geçiriler

2025-nji ýylyň oktýabr aýynda Azerbaýjanda Türkmenistanyň Medeniýet günleri geçiriler. Bu barada Trend agentligi habar berýär. Çäreler iki ýurduň arasyndaky ynsanperwer we medeni hyzmatdaşlygyň çäginde guralyp, halklaryň arasyndaky dostlugy hem-de özara düşünişmegi berkitmekde möhüm waka bolar...

09.08.2025 15:32
5.7k+

Awazada Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Azerbaýjanyň medeniýet-sungat ussatlarynyň konserti boldy

8-nji awgustda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyndaky teatrlaşdyrylan interaktiw deňiz suw çüwdürimler toplumynda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Azerbaýjan Respublikasynyň medeniýet we sungat ussatlarynyň dabaraly konserti boldy...

14.07.2025 11:52
9.3k+

Gurbanguly Berdimuhamedow Hazaryň kenary boýunça welosipedli gezelenç etdi

13-nji iýulda Balkan welaýatynda iş saparynda bolýan Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow ir säher bilen “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda ýerleşýän köpugurly sport toplumyna geldi we bu ýerde adaty endigine eýerip, irki sport maşklaryny ýerine ýetirdi...

17.05.2025 14:09
14k+

Gurbanguly Berdimuhamedow Kazanyň iň meşhur teatrlarynyň birine baryp gördi

16-njy maýda türkmen halkynyň Milli Lideriniň hormatyna Tatarystan Respublikasynyň Baştutanynyň adyndan berlen günortanlyk naharyndan soňra Gurbanguly Berdimuhamedow hem-de RF-niň Tatarystan Respublikasynyň Baştutany Kazanyň iň meşhur teatrlarynyň biri bolan Galiasgar Kamal adyndaky Tatar döwlet akademiki teatryna baryp gördüler...