Türkmenistanyň Prezidenti 2022-nji ýylyň Döwlet býujetini tassyklady

  • 16.10.2021 09:06
  • 16k+

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň 2020-nji ýyl üçin Döwlet býujetiniň ýerine ýetirilişi baradaky hasabaty, şeýle hem “Türkmenistanyň 2022-nji ýyl üçin Döwlet býujeti hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň hem-de 2022-nji ýyl üçin Döwlet býujetiniň taslamalaryny Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň Başlygyna garamak üçin iberdi. Bu barada 15-nji oktýabrda sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde habar berildi.

Wise-premýer Serdar Berdimuhamedow geljek ýyl üçin esasy maliýe meýilnamasynyň taslamasynyň esasy maddalary boýunça göz öňünde tutulan çykdajylar barada hasabat berip, durmuş ulgamyny ösdürmäge ýeterlik möçberdäki serişdeleriň gönükdiriljekdigini habar berdi. 2022-nji ýylda maýa goýumlaryny, esasan, ykdysadyýeti diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmäge, innowasion esasda önümçilikleri ýola goýmaga, ýokary goşmaça bahaly pudaklary ösdürmäge gönükdirmek göz öňünde tutulýar.

Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Döwlet býujetiniň, ilkinji nobatda, milli ykdysadyýetiň durnukly ösüş depginini saklamaga, senagatlaşdyrmaga, iri maýa goýum taslamalaryny durmuşa geçirmäge, ähli ulgamlara innowasion tehnologiýalary, ylmyň we tehnikanyň iň soňky gazananlaryny giňden ornaşdyrmaga gönükdirilmelidigini belledi.

Şeýle-de türkmen Lideri ýurdumyzyň baş maliýe meýilnamasynda zähmet serişdelerini netijeli dolandyrmaga mümkinçilik döretmek, ilatyň iş bilen üpjünçilik meselelerini çözmek, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmak boýunça çäreleriň görülmeginiň göz öňünde tutulmagynyň zerurdygyny nygtap, geljek ýyl üçin Döwlet býujetine hem-de 2020-nji ýyl üçin Döwlet býujetiniň ýerine ýetirilişine milli parlamentiň ýakyn wagtda geçiriljek mejlisinde garamagyň möhümdigini belledi.


düýn 11:41
3.2k+

Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda geçirilen ikitaraplaýyn hem-de iki ýurduň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam......

düýn 11:35
3.1k+

Türkmenistanyň Prezidenti bilen Malaýziýanyň premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi

19-njy iýunda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Türkmenistana resmi sapar bilen gelen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi. Bu barada......

19.06.2026 19:30
3.1k+

Şweýsariýa dünýäniň iň bäsdeşlige ukyply ykdysadyýeti adyny ýitirdi

Şweýsariýa dünýäde bäsdeşlige ukyplylygyň IMD World Competitiveness Ranking ýyllyk reýtinginde birinji ornuny ýitirdi. Ýurduň ykdysadyýeti dünýä liderligini Singapura berip, üçünji orna düşdi. Täzelenen......

19.06.2026 08:13
1.8k+

Türkmenistanyň Malaýziýadaky ilçisi şol bir wagtda Bruneýdäki ilçi wezipesine bellenildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Malaýziýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Muhammetnyýaz Maşalowy şol bir wagtda Türkmenistanyň Bruneý Darussalam Döwletindäki Adatdan......