Bawariýadaky muzeýiň öňünde Angela Merkeliň atly heýkeli oturdyldy

  • 13.10.2021 01:51
  • 9.6k+

Nemes heýkeltaraşy Wilgelm Koh Germaniýanyň wezipeden aýrylýan kansleri Angela Merkeliň üç metrlik atly heýkelini döretdi. Bu eseri 2022-nji ýylyň tomsuna çenli Bawariýadaky Tempel-muzeýiniň öňünde sergilemek meýilleşdirilýär. Bu barada "Spiegel" neşiri habar berýär.

“Syýasatdan daşary, hanym Merkel - ikona. Bu ikonany emele getirýän zatlary tas hemmeler bilýär: onuň saç goýuşy, eşikleri, duruşy we elleri. Penşenbe güni muzeýiň öňünde heýkeli ýükläp durkak ýol boýundaky aýal ony derrew tanap, çyny bilen güldi" diýip, heýkeltaraş aýtdy.

Heýkeliň beýikliginiň 2,7 metrdigi we 3D çap usulynda ýasalandygy aýdylýar. Merkeliň münen aty "amerikan kwoterhors" diýilýän çapyşyk at tohumyna degişli. Awtoryň pikirine laýyklykda, heýkelde Germaniýa Federatiw Respublikasynyň kansleri eýersiz-zatsyz atyň üstünde ellerini hemişekisi ýaly gowşuryp otyr. Atyň eýeri we jylawy ýok - sebäbi kansler olara mätäç däl, heýkeliň pýedestaly-da ýok, sebäbi Angela Merkel juda kiçigöwün adam diýip, çeşme awtoryň sözlerini getirýär.


25.05.2026 21:06
8k+

Nemes inženerleri betonyň ýerine plastik we toprak ulanyp, köpri gurýarlar

Germaniyada awtomobil köprülerini gurmagyň täze usuly ulanylyp başlandy, onda adaty demir-beton gurnamalaryň ýerine dykyzlandyrylan toprak we plastik torlar ulanylýar....

16.05.2026 09:28
5.5k+

Germaniýadaky taşlanan metallurgiýa zawody sungat meýdançasyna öwrüldi

ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girýän Germaniýanyň «Fölklinger Hýutte» senagat toplumynda «Urban Art Biennale 2026» atly köçe sungatynyň sergisi açylýar. Bu gyzykly çäre dünýäniň 17 ýurdundan gelen......

30.04.2026 18:21
10k+

Timminiň halas edilişi: örküçli läheň baržada Baltika deňzinden Demirgazyk deňzine göçürilýär

Mart aýyndan bäri Germaniýanyň kenarýakasyndaky ýalpak suwlarda galan Timmi atly örküçli läheňi baržanyň kömegi bilen Demirgazyk deňzine tarap göçürmäge başladylar. Bütin dünýäniň yzarlaýan bu ägirt uly halas......

23.04.2026 22:41
3.8k+

Germaniýada bir adam ChatGPT-niň kömegi bilen kazyýet işini utdy

Germaniýada emeli aňdan peýdalanyp, kazyýetde özüni aklamagy başaran adam barada täsin waka hasaba alyndy. Leýpsig şäheriniň ýaşaýjysy Dawid Hins öz goranyş çäresini ChatGPT neýroulgamynyň kömegi bilen......