Türkmenistanyň birźasynda 27 million 317 müň dollarlyk geleşik baglaşyldy

  • 12.10.2021 08:42
  • 5.8k+

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 16-sy hasaba alyndy. Olaryň jemi bahasy ABŞ-nyň 27 million 317 müň dollaryndan gowrak boldy.

Daşary ýurt puluna Beýik Britaniýanyň, Türkiýe Respublikasynyň, Owganystanyň, Gonkongyň, Kipriň hem-de beýleki ýurtlaryň telekeçileri Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen gidrousulda arassalanan dizel ýangyjyny we uçar kerosinini satyn aldylar.

Bulardan başga-da, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Türkiýäniň we beýleki ýurtlaryň işewürlerine tekiz boýalan hem-de žakkard tüýjümek önümleriň giň görnüşi, float aýnasy ýerlenildi. 

Ýurdumyzyň telekeçileri içerki bazar üçin jemi bahasy ABŞ-nyň 49 müň dollaryndan gowrak bolan portland sementi satyn aldylar.


düýn 15:48
3.8k+

Awstraliýada jaý bazary çökdi: öýleriň bahasy bir çärýekde 128 milliard dollar aşaklady

Awstraliýada gozgalmaýan emlägiň bahasynyň aşaklamagy, soňky çärýegiň dowamynda Sidneý we Melburn şäherleriniň ýaşaýyş jaý bazarynyň umumy gymmatyny 185 milliard awstraliýa dollary (takmyndan 128 milliard ABŞ......

27.06.2026 19:38
5.2k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

27.06.2026 19:26
1.9k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

27.06.2026 11:05
4.2k+

Bütindünýä bankynyň hasabaty: 2035-nji ýyla çenli ýaşlaryň 1,2 milliardy zähmet bazaryna geler

Bütindünýä bankynyň «Gyzgalaňly iş üpjünçiligi meselesi» atly hasabatyna görä, ýakyn onlarça dowamynda ösüp barýan ýurtlar öň görülmedik synag bilen ýüzbe-ýüz bolarlar: takmynan 1,2 milliard ýaş nesil zähmet......