BSGG gyzdyrma garşy 30 ýyllap taýýarlanylan sanjymy ilkinji gezek tassyklady

  • 09.10.2021 16:15
  • 9.4k+

Internet torunda lukmançylyk pudagyna degişli hoş habar peýda boldy. Taýýarlamak üçin 30 ýyldan gowrak wagt gerek bolan gyzdyrma garşy sanjym Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy (BSG) tarapyndan tassyklandy. Bu barada ferra.ru habar berdi.

Munuň şu kesele garşy dünýäde ilkinji sanjymdygyny bellemelidiris. Onuň synagynyň soňky tapgyry, guramanyň web sahypasyna görä, 2019-njy ýylda başlandy. Bu döwürde oňa Gana, Keniýa we Malawiden 800 müňden gowrak çaga gatnaşdy.

"Bu - taryhy pursat. Gyzdyrma garşy sanjymyň köp garaşylan tassyklanmasy ylymda, çagalaryň saglygynda we gyzdyrma garşy göreşde uly öňegidişlikdir" - diýip, BSGG-niň ýolbaşçysy Tedros Adhanom Gebreýesus aýtdy.

Synaglarda sanjymyň az netijelik görkezendigini bellemelidiris. Emma şol bir wagtyň özünde, Londonyň arassaçylyk we tropiki lukmançylyk mekdebiniň hünärmenleri gyzdyrma garşy dermanlar bilen bilelikde hassahana gelýänleriň we ýokançlykdan ölenleriň sanynyň 70% azalandygyny anykladylar.


düýn 23:49
219

Ýewropada Alsgeýmer keselini anyklamak üçin täze gan barlagy tassyklanyldy

Şweýsariýanyň Roche derman senagaty kompaniýasy Alsgeýmer keselini anyklamak we inkär etmek üçin «Elecsys pTau217» gan barlagyny ulanmaga Ýewropadan rugsat aldy....

11.05.2026 23:10
2.8k+

ABŞ-da bäş aýlyk çagada Kanawan keselini bejermek boýunça seýrek operasiýa geçirildi

ABŞ-da seýrek duş gelýän neslegeçiji keselleriň biri bolan Kanawan keselinden ejir çekýän irlandiýaly bäbekde synag görnüşindäki gen terapiýasy amala aşyryldy. Bu ädim dünýäde şular ýaly ilkinji lukmançylyk......

10.05.2026 18:46
4k+

BSGG-niň ýolbaşçysy hantawirusy pandemiýa bilen deňeşdirmezlige çagyrdy

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň (BSGG) baş direktory Tedros Gebreýesus hantawirusyň COVID-19 pandemiýasy ýaly uly howp döretmeýändigini resmi taýdan mälim etdi....

08.05.2026 22:15
7.6k+

ABŞ-da heniz dünýä inmedik çaga operasiýa edilip, ýene ene göwresine ýerleşdirildi

Amerikanyň Florida ştatynda lukmanlar göwrelilik döwründe çaganyň bedeninde örän seýrek duş gelýän operasiýany amala aşyrdylar....