«Ýyldyz» myhmanhanasynda gibrid görnüşde lukman alymlaryň forumy geçirildi

  • 08.10.2021 19:39
  • 5.7k+

8-nji oktýabrda Aşgabadyň «Ýyldyz» myhmanhanasynda gibrid görnüşde «Lukmançylyk diplomatiýasy – sagdyn dünýäniň binýady» atly lukman alymlaryň halkara maslahaty öz işine başlady. Bu halkara forumy geçirmek başlangyjy Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa degişlidir.

Dört sessiýadan ybarat bolan bu maslahata dünýäniň 15 ýurdundan saglygy goraýyş ulgamynyň ýokary wezipeli işgärleri, ylmy intelligensiýanyň wekilleri hem-de abraýly halkara guramalaryň, hususan-da, BMG-niň we BSGG-niň ýolbaşçylary hem-de wekilleri gatnaşýarlar

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň Ýewropa sebitleýin edarasynyň direktory doktor Hans Klýuge Türkmenistanyň Hökümeti tarapyndan guralan bu duşuşygyň öz wagtyndalygyny nygtamak bilen, şu platformanyň özara hereketleriň ýetilen derejesine baha bermäge, şeýle-de saglygy goraýyş ulgamyndaky, hususan-da häzirki pandemiýa garşy göreşmek bilen bagly gaýragoýulmasyz meseleler boýunça pikir alyşmaga mümkinçilik berýändigini nygtady.


düýn 18:46
3.2k+

BSGG-niň ýolbaşçysy hantawirusy pandemiýa bilen deňeşdirmezlige çagyrdy

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň (BSGG) baş direktory Tedros Gebreýesus hantawirusyň COVID-19 pandemiýasy ýaly uly howp döretmeýändigini resmi taýdan mälim etdi....

08.05.2026 22:15
7.2k+

ABŞ-da heniz dünýä inmedik çaga operasiýa edilip, ýene ene göwresine ýerleşdirildi

Amerikanyň Florida ştatynda lukmanlar göwrelilik döwründe çaganyň bedeninde örän seýrek duş gelýän operasiýany amala aşyrdylar....

08.05.2026 00:12
4.3k+

Russiýada nerwleriň, süňkleriň we oňurga ýiliginiň transplantasiýasyna rugsat berildi

2026-njy ýylyň 1-nji sentýabryndan Russiýada transplantasiýa etmäge rugsat berilýän beden agzalarynyň we dokumalaryň täzelenen sanawy güýje girýär....

06.05.2026 16:42
5.1k+

BSGG Atlantik ummanyndaky kruiz laýnerinde hantawirusyň ýüze çykandygyny habar berdi

Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy (BSGG) Kabo-Werdeniň kenarlarynyň golaýynda ýerleşýän «Hondius» kruiz laýnerinde hantawirus hadysalarynyň ýüze çykandygyny habar berdi....