В Ашхабаде проходит Международный форум учёных-врачей

  • 08.10.2021 10:26
  • 4.1k+

Türkmenistanyň Prezidenti «Lukmançylyk diplomatiýasy — sagdyn dünýäniň binýady» atly lukman alymlaryň halkara maslahatynyň öz işine başlamagy mynasybetli Gutlag hatyny iberdi. Bu halkara forum şu gün — 8-nji oktýabrda Aşgabatda geçiriler.

«Häzirki zaman lukmançylygyny ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlary hökmünde bu gün netijeli halkara hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge we bu ulgamda tejribe alyşmaga ýardam bermäge gönükdirilen lukmançylyk diplomatiýasy aýratyn möhüm ähmiýete eýe bolýar» diýip, türkmen Lideri Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň beýleki ýöriteleşdirilen düzümleri bilen özara hyzmatdaşlygy yzygiderli giňeldýän Türkmenistanyň lukmançylyk diplomatiýasy ulgamynda iş ýüzündäki gatnaşyklary ösdürmekde, adamlaryň saglygyny goramak meselelerini çözmek üçin netijeli çäreleri işläp taýýarlamakda, howply keselleriň öňüni almak we olara garşy göreşmek babatda ylmy maglumatlary alyşmakda baý tejribe toplandygyny nygtaýar.

«Türkmenistan dünýäde ilkinjileriň hatarynda COVID-19-yň öz çägine aralaşmagynyň öňüni almak boýunça toplumlaýyn çäreleri gördi. Hususan-da, Özbegistan we Azerbaýjan bilen bilelikde umumy serhetlerde sanitariýa-karantin çärelerini üpjün etmek boýunça özara arkalaşykly işler amala aşyrylýar. Täze wirus ýokanjyna garşy göreşmekde sebitde tagallalary birleşdirmegiň çäklerinde goňşy ýurtlar biri-birine özara ynsanperwer goldawyny hem berýärler» diýlip, Gutlag hatynda Türkmenistan tarapyndan bu ugurda öňe sürlen halkara başlangyçlaryň giň goldaw tapjakdygyna ynam bildirilýär.


вчера 23:49
219

В Европе одобрили новый тест крови для выявления болезни Альцгеймера

Швейцарская фармацевтическая компания Roche получила в Европе разрешение на применение анализа крови Elecsys pTau217 для выявления и исключения болезни Альцгеймера....

11.05.2026 23:10
2.8k+

В США провели экспериментальную операцию по лечению болезни Канавана у младенца

В США проведена экспериментальная процедура генной терапии для ребёнка из Ирландии с редким наследственным заболеванием — болезнью Канавана. Это одно из первых подобных вмешательств в мире....

10.05.2026 18:46
4k+

Глава ВОЗ: Хантавирус не станет вторым COVID-19

Генеральный директор Всемирной организации здравоохранения (ВОЗ) Тедрос Адханом Гебрейесус официально заявил, что хантавирус не представляет угрозы уровня пандемии COVID-19....

08.05.2026 22:15
7.6k+

В США провели операцию ещё не рождённому ребёнку и вернули его обратно в утробу матери

В американском штате Флорида врачи провели редкую операцию ребёнку ещё во время беременности матери. На 25-й неделе беременности хирурги частично извлекли плод из матки, создали ему дыхательные пути, а затем......