В Туркменистан для участия в Международной конференции учёных-врачей прибыл директор ЕРБ ВОЗ

  • 08.10.2021 10:16
  • 3.4k+

7-nji oktýabrda Türkmenistanyň DIM-niň binasynda Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň Ýewropa sebitleýin edarasynyň direktory doktor Hans Klýuge bilen duşuşygy geçirildi. Myhman 8-nji oktýabrda Aşgabatda geçiriljek “Lukmançylyk diplomatiýasy – sagdyn dünýäniň binýady” atly lukman alymlaryň halkara maslahatyna gatnaşar.

Gepleşikleriň dowamynda taraplar Türkmenistan bilen Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň arasyndaky özara gatnaşyklaryň ýokary derejesini nygtap, halkara gün tertibiniň saglygy goraýyş ulgamyndaky wajyp meseleleri boýunça pikir alyşdylar.

Türkmen tarapy BSGG-niň Ýewropa Ssebitleýin edarasynyň direktoryna Türkmenistanyň Prezidentiniň dürli halkara meýdançalarda saglygy goraýyş ulgamy boýunça öňe sürýän başlangyçlary hem-de teklipleri babatynda gürrüň berdi we Türkmenistanyň BSGG bilen hyzmatdaşlygynyň has hem ösdürilmegini we berkidilmegini maksat edinýändigini tassyklady.

Şunuň bilen baglylykda, taraplar Aşgabatda geçiriljek “Lukmançylyk diplomatiýasy – sagdyn dünýäniň binýady” atly lukman alymlaryň halkara maslahatynyň saglygy goraýyş ugrunda ulgamlaýyn pikir alyşmak we hünär tejribesi bilen paýlaşmak üçin gerekli şertleri döretmekdäki ähmiýetini nygtadylar.


вчера 17:46
1.3k+

В Великобритании испытали вакцину, уничтожающую раковые опухоли

В Великобритании завершилось клиническое исследование препарата «Амивантамаб», в ходе которого у части пациентов с тяжёлыми формами рака головы и шеи опухоли значительно уменьшились или исчезли полностью....

вчера 15:54
2.4k+

Китай первым в мире одобрил коммерческое применение инвазивного мозгового импланта

Китай стал первой страной в мире, одобрившей коммерческое применение инвазивного интерфейса «мозг–компьютер» (Brain-Computer Interface, BCI)....

04.06.2026 07:25
4.7k+

Почти треть медиков Европы сталкивается на работе с риском рака

Исследование Европейского агентства по безопасности и гигиене труда (EU-OSHA) показало, что 29,5% медицинских и социальных работников в Европе сталкиваются на работе с одним или несколькими факторами риска......

03.06.2026 23:34
4.9k+

Клиника под Парижем использует ослов для лечения депрессии

В больничном комплексе Виль-Эврар к востоку от Парижа действует единственное во Франции отделение ослотерапии. Программа, работающая с пациентами с депрессией, тревожными расстройствами, аутизмом, шизофренией......