BSGG: dünýäde koronawirus bilen keselleme ýagdaýy bir hepdede 9% azaldy

BSGG: dünýäde koronawirus bilen keselleme ýagdaýy bir hepdede 9% azaldy

Geçen hepde dünýäde 3,1 milliondan gowrak adam koronawirus ýokanjy bilen keselledi, 54 müňden gowrak adam ýogaldy. Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň (BSGG) habar bermegine görä, täze keselleme hadysalarynyň sany ýedi günüň dowamynda 9%, ölüm ýagdaýlary 4% azaldy. Bu barada TASS belleýär.

“COVID-19 sebäpli keselleme we ölüm hadysalarynyň sany bir hepdäniň dowamynda azalmagyny dowam etdirdi. Şeýle tendensiýa awgust aýyndan bäri hasaba alynýar. 27-nji sentýabrdan 3-nji oktýabr aralygynda 3,1 milliondan gowrak adamyň keselländigi we 54 müňden gowrak adamyň ýogalandygy barada habarlar gelip gowuşdy” – diýlip, BSGG-niň hepdelik epidemiýa býulleteninde aýdylýar. Gurama tarapyndan berlen statistik maglumatlara görä, ýedi günde 3 118 410 keselli we 54 221 ölüm hasaba alyndy. Bu bir hepde ozalky bilen deňeşdirilende, degişlilikde, 9% we 4% azdyr.

Täze keselleme hadysalary, esasan, Afrikada (43%), Gündogar Ortaýer deňzinde (21%), Günorta-Gündogar Aziýada (19%), Günbatar-Ýuwaş umman sebitinde (12%) we Amerikada (12%) has peseldi. Ýewropada keselleme hadysasy 5% ýokarlandy. Ýewropada we Amerikada ölüm 2% ýokarlandy, ýöne beýleki sebitlerde, esasanam, Afrikada (25%) onuň azalandygy hasaba alyndy.

Bir hepdede kesellänleriň sany ABŞ-da has ýokary (760 571). Onuň yzyndan Beýik Britaniýa (239 781), Türkiýe (197 277), Russiýa (165 623) we Hindistan (161 158) gelýär.

BSGG-niň 5-nji oktýabrdaky maglumatlaryna görä, pandemiýa başlany bäri dünýäde 235 175 106 kesel hadysasy we 4 806 841 ölüm hasaba alyndy.