CIES iň gymmat düzümi bolan futbol klublarynyň sanawyny düzdi

  • 06.10.2021 08:21
  • 14k+

Sport gözlegleriniň halkara merkezi (CIES) iň gymmat düzümi bolan futbol klublarynyň täze sanawyny neşir etdi. Gözlegleriň netijesine görä, Mançesterden iki klub lider boldy, olaryň her biriniň düzüminiň bahasy bir milliard ýewrodan geçýär. Bu barada prostoprosport.ru habar berdi.

Üçlügi Angliýanyň ýene bir kluby “Çelsi” jemledi. Ýöne düzüminde Lionel Messi, Neýmar we Kilian Mbappe bolan “PSŽ” bolsa iň gymmat futbol klublarynyň bäşligine-de girmän, sekizinji orunda ýerleşdi:

  1. “Mançester Siti” (Angliýa) – 1,280 mlrd ýewro;
  2. “Mançester Ýunaýted” (Angliýa) – 1,214 mlrd ýewro;
  3. “Çelsi” (Angliýa) – 946 mln ýewro;
  4. “Barselona” (Ispaniýa) – 896 mln ýewro;
  5. “Bawariýa” (Germaniýa) – 890 mln ýewro;
  6. “Liwerpul” (Angliýa) – 868 mln ýewro;
  7. “Real” (Ispaniýa) – 846 mln ýewro;
  8. “Pari Sen-Žermen” (Fransiýa) – 808 mln ýewro;
  9. Dortmundyň “Borussiýasy” (Germaniýa) – 687 mln ýewro;
  10. “Atletiko” (Ispaniýa) – 662 mln ýewro.

şu gün 14:09
1.7k+

Karlo Ançelotti salgyt tölemändigi üçin bir ýyl tussaglyga höküm edildi

Madridiň Ýokary kazyýeti Madridiň “Realynyň” öňki baş tälimçisi Karlo Ançelottini salgyt tölemändigi bilen bagly iş boýunça bir ýyl tussaglyga höküm etdi. Bu barada kazyýet çözgüdiniň tekstine salgylanyp, TASS habar berýär...

şu gün 14:06
696

Apellýasiýa kanagatlandyryldy: «Liona» Fransiýanyň 1-nji Ligasynda galmaga rugsat berildi

Fransiýanyň «Lion» futbol kluby ýurduň çempionatynyň ýokary ligasynda galmagy başardy. Milli administratiw gözegçilik departamentiniň (DNCG) topary 2-nji Liga düşürmek baradaky kararyna garşy berlen apellýasiýa kanagatlandyryldy...

şu gün 09:57
4.6k+

“PSŽ” 24 minutda “Realyň” bellisini edip, Klublaýyn dünýä çempionatynyň finalyna çykdy

“PSŽ” fransuz kluby futbol boýunça Klublaýyn dünýä çempionatynyň ýarym finalynda Madridiň “Realyny” uly hasap bilen ýeňlişe sezewar etdi. Ist-Raterfordda (Nýu-Jersi ştaty) geçirilen oýun 4:0 hasabynda tamamlandy...

düýn 20:06
4.7k+

Gonkongda Kriştianu Ronaldunyň wagtlaýyn muzeýi açyldy

Gonkongda saud “Al-Nasrynyň” we Portugaliýanyň milli ýygyndysynyň hüjümçisi Kriştianu Ronalduwa bagyşlanan wagtlaýyn muzeý açyldy. Bu barada Blooloop habar berýär. Muzeý K11 çeperçilik-medeni merkezinde ýerleşýär...