Ýaponiýada Ýosihide Suganyň Hökümeti ýatyryldy

  • 04.10.2021 11:52
  • 4.5k+

Ýaponiýanyň premýer-ministri Ýosihide Suganyň Hökümeti doly düzümde ýatyryldy diýip, Kyodo agentligi habar berýär. Şu gün, 4-nji oktýabrda Ýaponiýanyň parlamenti täze premýer-ministri saýlar. Ol täze Hökümeti düzer.

Ýaponiýanyň premýer-ministri wezipesine dalaşgärler partiýanyň agzasy bolanlygy sebäpli, düzgün boýunça, täze premýer-ministr wezipesine parlamentde köp ýere eýelik edýän partiýanyň dalaşgäri saýlanylýar.

Sentýabr aýynda Ýosihide Suga Ýaponiýanyň häkimlik edýän Liberal-demokratik partiýasynyň başlygynyň saýlawlaryna gatnaşmajakdygyny yglan etdi. Partiýanyň täze ýolbaşçysy wezipesine öňki daşary işler ministri Fumio Kisida saýlandy.


12.06.2026 10:04
6k+

Kyodo: Ýaponiýada puluň hümmetsizlenmegi güýçlendi. Lomaý bahalar üç ýylyň iň ýokary derejesine ýetdi

ABŞ-ndan, Hytaýdan we Germaniýadan soň nominallaýyn Jemi içerki önüm (JIÖ) boýunça dünýäde dördünji orny eýeleýän Ýaponiýa ykdysady basyşyň güýçlenmegi bilen ýüzbe-ýüz boldy. Kyodo habarlar gullugynyň......

11.06.2026 07:42
2.1k+

Türkmenistanyň DIM-inde Finlýandiýanyň we Ýaponiýanyň ilçileri bilen duşuşyklar geçirildi

10-njy iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň gatnaşmagynda daşary ýurtlaryň diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary bilen ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirildi.......

09.06.2026 15:08
2.4k+

Ýaponiýada bitkoin-ETF-leriň işe girizilmegi 19,3 milliard dollara çenli maýany çekip biler

Seljerijiler Ýaponiýany spot görnüşli bitkoin-ETF-leri işe girizmek ähtimallygy iň ýokary bolan ýurtlaryň biri hasaplaýarlar. XWIN Japan kompaniýasynyň çaklamalaryna görä, şeýle gaznalar öz işiniň ilkinji......

28.05.2026 12:23
2k+

Kanada maýa goýum özüne çekijiliginiň reýtinginde Hytaýdan öňe geçdi

Kanada we Ýaponiýa «Kearney FDI Confidence Index 2026» maýadarlaryň ynam reýtinginde öz ornuny berkitdi, Hytaý bolsa on ýylyň içinde ikinji orundan dördünji orna düşdi....