Türkmenistan dünýädäki ýagdaýlara üns bilen gözegçilik edýär we ýagdaýa görä hereket eder

  • 02.10.2021 16:41
  • 33k+

Türkmenistan dünýädäki, goňşy ýurtlardaky ýagdaýlara üns bilen gözegçilik edýär we ýagdaýa görä hereket eder. Bu barada Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow TASS agentliginiň baş direktorynyň birinji orunbasary Mihail Gusmana beren eksklýuziw interwýusynda beýan etdi.

Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanda sanjym işiniň bellenen tertibe we zerurlyklara laýyklykda, ýurduň tutuş çäginde  alnyp barylýandygyny belledi. Onuň aýtmagyna görä, saglygy goraýyş ulgamy, arassaçylyk gulluklary sazlaşykly işleýär, keseliň öňüni almak boýunça zerur çäreleriň ählisi görülýär.

Şol bir wagtyň özünde, ol häzirki wagtda Türkmenistana girmek bilen bagly belli bir derejede çäklendirmeleriň, hususan-da, beýleki ýurtlar bilen awiagatnawlaryň çäklendirmesiniň bardygyny belledi.

"Biz dünýädäki, goňşy ýurtlardaky ýagdaýlara üns bilen gözegçilik edýäris we ýagdaýa görä hereket ederis. Umuman, Türkmenistan bu howply ýokanja garşy gorag gurallaryny netijeli ulanmagyň hötdesinden geldi diýip aýdyp bileris - diýip Prezident belledi.


şu gün 00:03
567

Türkmenistanda göreji pes çagalar üçin informatika boýunça ilkinji gezek okuw gollanmasy neşir edildi

Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan ýurduň Saglygy dikeldiş okuw-terbiýeçilik toplumlarynyň kör we çala görýän mekdep ýaşly çagalar bölümleriniň birinji synp okuwçylaryna niýetlenen «Informatikanyň......

düýn 19:31
1k+

Medeniýet hepdeligi – 2027 Daşoguz welaýatynda geçiriler

2027-nji ýylda Medeniýet hepdeligi 22-nji we 27-nji iýun aralygynda Daşoguz welaýatynda geçiriler. Degişli Karara Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow gol çekdi. Resminama bilen guramaçylyk topary......

düýn 11:02
1.6k+

Hytaýly taýkonawtlar kosmos şertlerde ilkinji gezek lukmançylyk halas ediş tälimini geçirdiler

«Şençžou-23» missiýasynyň ekipažy Hytaýyň «Týangun» orbital stansiýasyna gelenden soň ilkinji gezek mikrodartyş şertlerinde lukmançylyk halas ediş tälimini geçirdi....

19.06.2026 10:10
3.6k+

Zergär Göwher Nuryýewa Buharada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Türkmen zergäri, Suratkeşler birleşiginiň agzasy Göwher Nuryýewa Altyn sapak we zergärçilik hünäri III halkara festiwalynda üçünji orny eýeledi. Bu çäre 15—17-nji maý aralygynda Buhara (Özbegistan) şäherinde......