«Türkmenhimiýa» özbek kompaniýalaryndan fosforit ununy we himiýa önümlerini satyn alar

  • 02.10.2021 09:48
  • 5.2k+

1-nji oktýabrda geçirilen nobatdaky Hökümet mejlisinde 2022 — 2025-nji ýyllarda ýurdumyzyň oba hojalygyny mineral dökünler hem-de himiýa pudagynyň önümçilik kärhanalaryny zerur bolan himiýa önümleri bilen üpjün etmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi.

Resminama laýyklykda, “Türkmenhimiýa” döwlet konsernine 2022 — 2025-nji ýyllar aralygynda:

  • 512 000 tonna fosforit ununy satyn almak barada Özbegistan Respublikasynyň “Navoiy Milling” jogapkärçiligi çäkli jemgyýeti bilen şertnama baglaşmaga;
  • Himiýa önümlerini satyn almak barada Özbegistan Respublikasynyň “Uzkimyoimpeks” jogapkärçiligi çäkli jemgyýeti bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi.

Mejlisiň dowamynda şeýle hem şu ýylyň 14-nji sentýabrynda Özbegistan Respublikasynyň Daşkent şäherinde Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-özbek toparynyň 16-njy mejlisiniň geçirilendigi habar berildi. Mejlisiň çäklerinde obasenagat toplumynda söwdanyň möçberlerini artdyrmaga, esasan hem, oba hojalyk tehnikalaryny we enjamlaryny, mineral dökünleri, ösümlikleri goramak üçin himiki serişdeleri satyn almaga gönükdirilen ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi.

Mejlisiň jemleri boýunça 2022 — 2026-njy ýyllar aralygynda Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi tarapyndan dürli görnüşli oba hojalyk gurallaryny we traktor tirkeglerini hem-de bugdaý we gowaça ösdürip ýetişdirmekde ulanylýan himiki serişdeleri satyn almak meýilleşdirildi. “Türkmenhimiýa” döwlet konserni tarapyndan 2022 — 2025-nji ýyllar aralygynda oba hojalyk ekinleri üçin mineral dökünleri satyn almak boýunça degişli hasaplamalar geçirildi.


düýn 14:09
1.3k+

Mejlisiň Başlygy Indoneziýanyň täze ilçisini kabul etdi

Prezident Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Dünyägözel Gulmanowa Indoneziýa Respublikasynyň Türkmenistandaky täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Rolliansýah Soemiratdan ynanç hatyny kabul etdi...

düýn 12:46
2.4k+

Türkmenistanyň Prezidenti diplomatik gullugynyň işgärlerini hünär baýramy bilen gutlady

Şu gün Türkmenistanda diplomatik işgärleriň güni bellenilip geçilýär. Bu şanly sene mynasybetli Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow ýurduň diplomatik gullugynyň işgärlerine gutlag hatyny iberdi. Gutlag hatynyň teksti resmi türkmen metbugatynda neşir edildi...

17.02.2026 20:43
1.8k+

Türkmenistanyň DIM-inde Ýewropa Bileleşigi bilen hyzmatdaşlygyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy

2026-njy ýylyň 17-nji fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň (ÝB) arasyndaky hyzmatdaşlyga bagyşlanan brifing geçirildi. Çäräniň dowamynda 2025-nji ýyldaky özara gatnaşyklaryň netijeleri jemlenip, 2026-njy ýyl üçin ileri tutulýan ugurlar kesgitlenildi...

17.02.2026 19:13
1k+

El-Kuweýtde türkmen-kuweýt söwda-ykdysady gatnaşyklarynyň täze ugurlary kesgitlenildi

2026-njy ýylyň 16-njy fewralynda El-Kuweýt şäherinde Türkmenistanyň we Kuweýt Döwletiniň işewür toparlarynyň wekilleriniň duşuşygy geçirildi. Bu taryhy saparyň çäklerinde Türkmenistanyň resmi ykdysady wekiliýeti ilkinji gezek Kuweýtiň Söwda-senagat edarasynda kabul edildi...