Kofeni günüň haýsy wagtynda içmek has peýdaly?

Kofeni günüň haýsy wagtynda içmek has peýdaly?

ABŞ-dan dietologlar kofeniň has peýdaly bolmagy üçin ony içmegiň iň amatly wagtyny aýtdylar. Olaryň maslahatlary “She Finds” tarapyndan neşir edildi diýip, lenta.ru habar berýär.

Amerikaly dietolog lukmany Kristina Taul irden içilen bir çaşka kofe madda alyş-çalşygynyň dogry işlemegine we hatda horlanmaga kömek eder diýip hasaplaýar. Hünärmen oýananyňdan soň ajöze bir stakan limonly suw içmegi, ýarym sagatdan soň bolsa ertirlik bilen bilelikde bir çaşka kofe içmegi maslahat berýär. Onuň aýtmagyna görä, limonly suw aşgazanda dogry aşgar gurşawyny döreder, kofe bolsa diňe bir gujur bermän, eýsem açlygyň duýulmagyny gowşadar.

“Ertirlik bilen kofe içmek aşa iýmezlige kömek eder. Ir bilen adamlaryň köpüsi köpräk iýmek isleýär” – diýip, dietolog Liza Riçards belleýär.

Hünärmenler şekersiz gara kofe içmegi maslahat berýärler. “Siz adaty iýmitden peýdaly elementler bilen birlikde kaloriýa almaly, örän süýji kofe bolsa diňe boş kaloriýadyr” – diýip, Riçards aýdýar.

Mundan başga-da, dietologlar kofeni günüň dowamynda işdäňi kesmek üçin ulanmazlygy we yzygiderli hem-de deňagramly iýmitlenmegi maslahat berýärler.