Tailand 1-nji noýabrdan syýahatçylary kabul edip başlar

  • 29.09.2021 18:51
  • 4.8k+

Tailandyň häkimiýetleri 1-nji noýabrdan 30-njy noýabr aralygynda koronawirusa garşy sanjym alan daşary ýurtly syýahatçylara karantin bolmazdan Bangkoka we ýurduň ýene dokuz welaýatyna girmäge rugsat bermegi meýilleşdirýärler. Bu barada Interfaks agentligine salgylanyp, Day.Az habar berýär.

Ýöne syýahatçylar üçin welaýatlaryň ähli ýerleri däl-de, diňe ýörite bellenilen “syýahatçylyk zolaklary” elýeterli bolar. Bu zolaklara Krabi we Phangnga, Çiangmaý, Huahin, Pattaýýa, Ça-Am, Buriram, Ko Paýam we beýleki ýerler degişli.

1 – 31-nji dekabrda syýahatçylar üçin özüne çekiji hasaplanýan ýene 20 welaýaty açmak meýilleşdirilýär. Bular Aýuttaýa, Çiangraý, Khon Kaýen, Lamphun we beýlekiler. 1-nji ýanwardan hökümet serhet welaýatlaryny açyp başlar.

Mundan başga-da, 1-nji oktýabrdan Krabi welaýatyndaky Klong Muang we Tub Kaýek kenarlary ýaly syýahatçylaryň eýýäm barýan sebitlerinde öň ýapyk bolan desgalar kem-kemden açylyp başlanar. 29-njy sentýabrdan has berk düzgünleriň hereket edýän “gyzyl” sebitlerinde hem çäklendirmeleriň bir bölegi aýrylar. Bu ýerde kem-kemden spa-merkezleri, kinoteatrlar, sport meýdançalary, işewür merkezler ýaly köp sanly güýmenje desgalarynyň işlemegine rugsat berler. 

Mundan başga-da, 1-nji oktýabrdan Tailanda gelýänleriň ählisi üçin hökmany karantiniň möhleti sanjym alan syýahatçylar üçin ýedi, sanjym almadyklar üçin 10 güne çenli azaldylar. 


30.06.2025 19:24
5.9k+

Blue Origin kosmosa 6 syýahatçy iberdi. Indi orbita 750 adam çykyp gördi

Blue Origin kompaniýasy ýolagçylar bilen 13-nji suborbital uçuşyny üstünlikli geçirdi. Bortunda alty syýahatçy bolan New Shepard raketasy 29-njy iýunda ABŞ-nyň merkezi wagty (CDT) bilen 9:39-da Günbatar Tehasdaky Launch Site One meýdançasyndan uçuşa başlady...

25.06.2025 16:32
10k+

Aşgabat bilen Awazanyň arasynda ikinji gündelik awtobus gatnawy ýola goýuldy

25-nji iýundan başlap «Awtomobil Ulag Hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti Aşgabat — Awaza — Aşgabat ugry boýunça ikinji gündelik gatnawyny ýola goýýar. Bu barada "Türkmenawtoulaglary" agentligi habar berýär...

24.06.2025 18:48
8k+

Ýaponiýadaky Fudzi dagyna rezin tigirli üýtgeşik tramwaý goýberilýär

Ýaponiýanyň Ýamanasi prefekturasynda adaty asfalt ýollardan hereket etjek rezin tigirli üýtgeşik tramwaýy işe girizmäge taýýarlyk görülýär. Ýöne onuň hereketi magnit markerleriniň ulgamy bilen çäklendiriler. The Asahi Shimbun neşiriniň habar bermegine görä, täze ulag görnüşi Fudzi dagyna barýan alpinistler we syýahatçylar üçin niýetlenýär...

19.06.2025 11:18
6.5k+

Kopengagen dünýäniň ýaşamak üçin iň rahat şäheri diýlip ykrar edildi

Kopengagen 2025-nji ýylda dünýäniň ýaşamak üçin iň rahat şäherleriniň sanawynda birinji orny eýeledi. Reýting Britaniýanyň Economist Intelligence Unit (EIU) analitiki merkezi tarapyndan düzüldi diýip, The Economist habar berýär...