Aşgabatda iki sany täze lukmançylyk edarasy gurlar

  • 27.09.2021 13:20
  • 12k+

Aşgabatda iki sany täze desganyň — birbada 400 adamy kabul etmäge ukyply Halkara sagaldyş-dikeldiş merkeziniň, şeýle hem 250 adamlyk Halkara fiziologiýa ylmy-kliniki merkeziniň gurluşygy başlanar.

Taslamany «Gap Inşaat» türk kompaniýasy amala aşyrar. Şertnama laýyklykda, türk kompaniýasy täze lukmançylyk edaralaryny «açary gowşurmak şerti bilen bilen gurar we desgalaryň ulanyşa doly taýýarlygyny hem-de zerur bolan enjamlar we sarp ediş serişdeleri bilen üpjünçiligini üpjün eder. Desgalary 2024-nji ýylyň oktýabrynda ulanyşa bermek meýilleşdirildi.

Bulardan başga-da, türk potratçysy Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy şaýoly bilen Türkmenistanyň Gahrymany Atamyrat Nyýazow şaýolunyň çatrygynda Aşgabat şäheriniň gulluklarynyň binasyny tölegsiz esasda gurar.


şu gün 17:46
907

Beýik Britaniýada düwnük çişlerini ýok edýän sanjym synagdan geçirildi

Beýik Britaniýada «Amiwantamab» derman serişdesiniň kliniki barlaglary tamamlandy. Synaglaryň dowamynda kelläniň we boýnuň düwnük keseliniň agyr görnüşlerinden ejir çekýän hassalaryň käbirinde çişleriň ep-esli......

şu gün 15:54
1.9k+

Hytaý dünýäde ilkinji bolup beýni implantynyň täjirçilik maksatly ulanylmagyna rugsat berdi

Hytaý dünýäde inwaziw «beýni–kompýuter» interfeýsiniň (Brain-Computer Interface, BCI) täjirçilik maksatly ulanylmagyny resmi taýdan tassyklan ilkinji ýurt boldy....

düýn 07:25
4.7k+

Ýewropanyň saglygy goraýyş işgärleriniň tas üçden birinde düwnüge uçramak töwekgelçiligi bar

Ýewropanyň zähmet wezipelerinde howpsuzlyk we saglygy goramak baradaky agentliginiň (EU-OSHA) geçiren barlagy, Ýewropadaky lukmançylyk we durmuş üpjünçiligi pudagynyň işgärleriniň 29,5 göteriminiň iş......

03.06.2026 23:34
4.9k+

Parižiň golaýyndaky psihiatriýa hassahanasy näsaglary eşek terapiýasy arkaly bejerýär

Parižiň gündogaryndaky Wil-Ewrar hassahana toplumynda Fransiýada ýeke-täk eşek terapiýasy bölümi hereket edýär. Depressiýa, howsala, autizm, şizofreniýa we başga-da dürli keselli näsaglar bilen işleýän bu......