Oppo gapdal kameraly smartfony patentledi

Oppo gapdal kameraly smartfony patentledi

Oppo kompaniýasy gapdal paneline kamera oturdylan ilkinji smartfony patentledi. Bu barada Niderlandiýanyň “LetsGoDigital” neşiri habar berýär diýip, lenta.ru belleýär.

Patent baradaky maglumatlar Bütindünýä intellektual eýeçilik guramasynyň (WIPO) bazasyndan alyndy. Hödürlenen shema görä, telefonuň kese gyraňynda kamera üçin perforasiýa bar, onuň kömegi bilen gurluş gapdalda ýerleşýän obýektleri surata düşürip bilýär.

Patentiň beýanynda bu oýlap tapyşyň smartfonda suratlary we wideolary dürli rakursdan düşürmäge mümkinçilik berjekdigi aýdylýar. Ýagny, obýekt gapdala hereket edende telefony öwürmek hökman däl, sebäbi obýekt gapdal kameranyň görüş meýdanyna düşýär. Şeýle-de, bu gurluş göwrümli suratlary düşürmäge-de mümkinçilik berer.

Kompaniýanyň inženerleriniň aýtmagyna görä, şeýle çözgüt arzan düşýär hem-de goşmaça obýektiwiň oturdylmagyny talap etmeýär. Gajetiň gapdal böleginde aýnalar ulgamy ýerleşdiriler, şol bir wagtyň özünde surat esasy kamera düşüriler. 

“Kamera obýektiň kadryň çäginden daşary sag tarapa hereket edýändigini anyklan ýagdaýynda, aýna öwrüler we wakany doly surata düşürmegi dowam etdirmek üçin gapdal kamera işe giriziler” – diýlip, patentiň beýanynda aýdylýar. Ýöne Oppo kompaniýasynyň bu oýlap tapyşy hakyky smartfonlarda ulanjakdygy ýa-da ýokdugy barada habar berilmeýär.