Nýu-Ýorkda BMG-niň Baş Assambleýasynyň ýokary derejeli hepdesi başlady

  • 22.09.2021 08:23
  • 5.4k+

Nýu-Ýorkda BMG-niň Baş Assambleýasynyň ýokary derejeli hepdesi açyldy. Bu ýyl ol garyşyk tertipde geçiriler: oňa wekiller ýüzbe-ýüz görnüşde hem-de wideoaragatnaşyk arkaly gaýybana gatnaşarlar.

Duşuşygyň esasy mowzuklary koronawirusa, howanyň üýtgemegine garşy göreş, şeýle hem Owganystandaky ýagdaý bolar. Duşuşyga gatnaşmak üçin dünýäniň ýetmişden gowrak liderleri we hökümet baştutanlary ýygnanarlar. Şunuň bilen baglylykda, Nýu-Ýorkda howpsuzlyk çäreleri güýçlendirildi, BMG-niň baş edarasynyň töwereklerinde hereket togtadyldy.

Antoniu Guterriş eýýäm Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan we ABŞ-nyň Prezidenti Jo Baýden bilen duşuşdy. BMG-niň Baş Assambleýasynyň ýokary derejeli hepdesi 27-nji sentýabrda tamamlanar.


08.06.2026 18:54
4.3k+

Türkmenistanyň DIM-iniň ýolbaşçysy ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň orunbasary bilen duşuşdy

8-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow iş sapary bilen Aşgabada gelen ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň jemgyýetçilik diplomatiýasy boýunça orunbasary Sara Rojers bilen duşuşdy. Bu barada......

05.06.2026 15:39
2.7k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......

04.06.2026 14:18
8.2k+

​Bloomberg: Tramp 60 ýurtdan getirilýän harytlara täze gümrük paçlaryny girizmegi meýilleşdirýär

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidenti Donald Trampyň administrasiýasy takmynan 60 ýurtdan getirilýän harytlara täze gümrük paçlaryny girizmek mümkinçiligini gözden geçirýär diýip, Bloomberg agentligi......

31.05.2026 13:10
8.2k+

UBS: Dünýäniň iň baý maşgalalary dollar maýa goýumlaryny azaldýar

Dünýäniň iň baý maşgalalary geosyýasy näbellilik we ABŞ-nyň hökümet bergileriniň artmagy sebäpli dollar maýa goýumlaryny azaldýarlar. Bu barada Şweýsariýanyň USB bankynyň barlagynda aýdylýar diýip, Reuters......