Ispaniýada koronawirusa garşy göreşmek üçin «akylly» äýnek döredildi

  • 19.09.2021 16:46
  • 11k+

Ispaniýanyň Kartahena şäherinde ýerleşýän Politehniki uniwersitetiniň işgärleri “akylly” äýnek döretdiler. Bu gurluş adamyň ýüzüni tanap, temperaturany ölçäp bilýär. Bu barada ýokary okuw mekdebiniň metbugat relizinde aýdylýar diýip, ug.ru belleýär.

“Akylly” äýnekler jemgyýetçilik ýerlerinde ulanylan ýagdaýynda ýanyňdaky raýatlaryň temperaturasynyň ýokarydygyny ýa-da däldigini barlamaga kömek eder. Munuň üçin indi olara nobata durmak gerek däl. Bu gurluş birnäçe adamyň ýüzüni parallel tanamak üçin ýokary takyklykly kamera, şeýle-de görüş meýdanynda bolan ähli adamlaryň temperaturasyny bellige alýan telekamera bilen üpjün edilendir.

Mundan başga-da, uniwersitetde adamlaryň arasyndaky sosial araçägi ölçeýän aýratyn kamerany döretmek meýilleşdirilýär. Onuň kömegi bilen raýatlaryň belli bir wagtda biri-birinden howpsuz aralykda ýerleşýändigine gözegçilik etmek bolar.

Koronawirus ýaýrap başlany bäri Ispaniýada 4,9 milliondan gowrak kesel hadysasy ýüze çykaryldy, 85,3 müňden gowrak adam ýogaldy. 2020-nji ýylyň 27-nji dekabrynda ýurtda ilat sanjymy boýunça kampaniýa başlandy. Häzirki wagtda ilatyň 74%-den gowragy COVID-19-a garşy doly sanjym aldy.


29.06.2025 12:54
4k+

Singapurly alymlar "derleýän" boýag döretdiler. Ol salkyn howany saklap galýar

Singapurly alymlar yssy we çygly howa şertlerinde kondisioner üçin energiýa sarp edilişini ep-esli azaldyp bilýän innowasion ak reňkli boýag döretdiler diýip, New Atlas neşiri ýazýar. Täze boýag "derleýär" – ýagny, nemi özünde saklap, gyzanda ony buglandyrýar...

22.06.2025 18:06
7.2k+

Neuralink-iň çibi oturdylan meýletinçi bir hepdede pikiriň güýji bilen wideo oýun oýnamagy öwrendi

ABŞ-nyň Aýdaho ştatynyň ýaşaýjysy Rob Greýner Neuralink kompaniýasynyň neýroçibi oturdylan altynjy meýletinçi boldy. 2022-nji ýylyň dekabryndaky awtoulag heläkçiliginden soň ysmaz bolan erkek adam indi ekrandaky kursory elleriniň kömegi bolmazdan, diňe pikir güýji arkaly dolandyryp bilýär...

12.06.2025 12:26
8.1k+

Amerikan restoranynda azatmahynyň emeli eti hödürlenip başlandy

ABŞ-nyň Azyk önümlerine we derman serişdelerine gözegçilik edarasy (FDA) Wildtype kompaniýasynyň barlaghanasy tarapyndan döredilen “ýabany azatmahynyň” (losos) emeli etiniň satuwyny tassyklady. Önüm howpsuz diýlip ykrar edildi we eýýäm Oregon ştatynyň Portlend şäherindäki Kann restoranynda myhmanlara hödürlenýär diýip, The Verge habar berýär...

11.06.2025 13:18
4.1k+

Samsung kagyz ekranly mahabat tagtasyny çykardy. Ol elektrik çeşmesine birikdirilmezden işleýär

Günorta Koreýanyň Samsung Electronics tehnologiýa ägirdi Сolor E-Paper sanly mahabat tagtasynyň global satuwyna başlady. Enjam reňkli elektron syýa tehnologiýasynyň esasynda gurlan we hemişelik energiýa çeşmesi bolmazdan şekilleri görkezmäge ukyply...