Bill Geýtsiň «Güni böwetlemek» taslamasy 2022-nji ýyla çenli yza süýşürildi

Bill Geýtsiň «Güni böwetlemek» taslamasy 2022-nji ýyla çenli yza süýşürildi

Bill Geýtsiň howandarlyk etmeginde durmuşa geçiriljek Günüň Ýere täsirini azaltmak boýunça taslamanyň 2022-nji ýyla çenli yza süýşürilendigi mälim boldy. Bu barada ITSOFT-iň habr.com bloguna salgylanyp, ferra.ru habar berdi.

Synag taslamasy 2021-nji ýylyň iýun aýyna meýilleşdirilipdi, ýöne Şwesiýadaky ekologik guramalaryň, şeýle hem ýerli Sami geňeşiniň nägilelikleri sebäpli has gijikdirildi. Indi bolsa onuň 2022-nji ýyldan bärde durmuşa geçirilmejekdigi aýdylýar.

Ýadymyzda bolsa, Garward uniwersitetiniň Gün geoinženerligi boýunça ýöriteleşen alymlary SCoPEx taslamasyny döredipdiler. "Günüň öňüni böwetlemek taslamasy" diýlip bilinýän bu taslamanyň ady, sözme-söz alnanda, "stratosferanyň gözegçilik astyna alynmagy boýunça synag" diýmegi aňladýar. Ony durmuşa geçirmek üçin pul serişdeleri Bill Geýts tarapyndan bölünip berilýär. Taslamanyň özi, atmosferada 20 kilometr belentlikdäki howa şarynyň kömegi bilen kalsiý karbonat bölejikleriniň (100 gramdan 2 kilograma çenli) ýaýradylmagyny göz öňünde tutýar. Ol Şwesiýanyň demirgazyk böleginiň üstünde amala aşyrylar. Onuň netijesinde, dagynyk bulut gatlagy emele geler. Garwardyň hünärmenleriniň pikiriçe, munuň özi Gün şöhlesiniň planetamyza ýaramaz täsirini azaldar we başa barsa, bütindünýä maýylganlygynyň togtadylmagyna sebäp bolar.

Hünärmenler bu synagyň bölejikleriň Gün we infragyzyl şöhlelenmesi bilen özara täsiriniň aýratynlyklaryny öwrenmäge, şeýle hem onuň töwekgelçilik derejesine düşünmäge kömek etjekdigine ynanýarlar. Ähli zat ugruna bolsa, şeýle bölejikler bütin atmosfera sepilip çykylar.