Instagram ulanyjylary doglan senesini görkezmäge borçly bolarlar

  • 03.09.2021 07:13
  • 6.4k+

Şahsy maglumatlar bölüminde heniz doglan senesini görkezmedik ulanyjylara Instagrama girmek gadagan ediler. Bu barada sosial ulgamynyň eýesi bolan Facebook kompaniýasynyň saýtynda habar berilýär diýip, www.pnp.ru belleýär.

Bu maglumatyň ýaş ulanyjylary goramak üçin zerur bolan täze funksiýalary işläp düzmek üçin möhümdigi bellenilýär. 

Doglan senesini heniz görkezmedik ulanyjylara her gezek sosial ulgam programmasyny açanlarynda talap geler. Mundan başga-da, bildiriş gowşak häsiýetli mazmuny bolan publikasiýalary görjek bolanyňda peýda bolar. Eger bölüm wagtynda doldurylmasa, ulanyjy üçin sosial ulgamyna elýeterlilik çäklendiriler.

Şeýle-de, administrasiýa ulanyjy tarapyndan girizilen maglumatlaryň dogrulygyny kesgitlemek üçin emeli intellekti ulanmagy meýilleşdirýär. Aýratynam, programma doglan gün gutlaglaryny bellige alar. Şeýle funksiýanyň işlenip düzülmegi heniz irki tapgyryndadyr. 


09.05.2026 00:32
11k+

Ronaldu we Messi Instagram-da millionlarça agzasyny ýitirdi

Meta kompaniýasy tarapyndan görlen berk çäreler Kriştianu Ronaldu, Lionel Messi we Kilian Mbappe ýaly futbol ýyldyzlarynyň sosial ulgamlarda esli agzasyny ýitirmegine getirdi....

07.05.2026 00:06
2.7k+

Pişik söýüjileriň bäsleşigi yglan edildi: gatnaşyjylar öz öý haýwany barada gürrüň bermeli

Ýewropa Bileleşiginiň (ÝB) Türkmenistandaky wekilhanasy Instagram sosial ulgamynda täze döredijilik bäsleşigini yglan etdi....

05.05.2026 15:24
980

Instagram-y döredijiler pursatlary paýlaşmak üçin täze goşundy döretdiler

Instagram-a we Facebook-a eýelik edýän Meta kompaniýasy diňe bir gezeklik görlüp, soň bolsa öçýän suratlar arkaly habarlaşmak üçin niýetlenen täze Instants goşundysyny tanyşdyrdy....

10.04.2026 19:09
3.3k+

Instagram basym Reels-e linkleri goşmak mümkinçiligini elýeterli etmekçi

Instagram täze funksiýany - Reels wideolaryna hyzmatdaşlyk linklerini goşmak mümkinçiligini elýeterli etjekdigini duýdurdy. Bu barada resmi Creators akkaundy yglan etdi....