Sony Nobel baýragyny aljak emeli intellekti döretmegi meýilleşdirýär

  • 01.09.2021 12:44
  • 6.2k+

Sony Computer Science Laboratories-iň baş direktory Hiroaki Kitano Nobel baýragyny aljak emeli intellekti döretmegi meýilleşdirýändigini aýtdy. Bu barada riafan.ru habar berýär. 

Häzirkizaman akyllary bilen deňleşjek neýroulgamy döretmek üçin Kitano Nobel Turing Challenge taslamasyny işläp düzer. Taslamanyň maksady neýroulgama 2050-nji ýyla çenli Nobel baýragyny almaga mümkinçilik berjek akyl bilen emeli intellekti döretmekdir. Bu işiň tapawutly tarapy ylym we tehnika pudagynda düýpgöter täze açyşlar bolar.

“Taslamanyň maksady ylmy açyşyň özüni özgertmekden we onuň alternatiw görnüşini döretmekden ybarat” – diýip, Sony-nyň emeli intellekt gözlegleri boýunça ýolbaşçysy belleýär.

Nobel Turing Challenge taslamasynyň gymmaty üznüksiz we awtonom açyş edip biljek maşynlary işläp düzmekdedir. AI-alymy mümkin boldugyça köp gipotezany döreder we barlagdan geçirer. Olaryň käbiri özbaşdak uly açyşlara getirer ýa-da olaryň özeni bolar.

Ilki bilen hünärmenler gurallar toplumyny dörederler, onuň kömegi bilen gözleg işleriniň bir bölegi awtomatlaşdyrylar. Awtonom derejesi barlaglaryň we çaklamalaryň has giň toplumyny emele getirmek üçin ýokarlandyrylyp bilner. Emeli intellekt adamlary agyr intellektual işden azat eder. 


03.06.2026 00:06
2k+

Bloomberg: Apple ilkinji AR-äýneklerini çykarmagyny 2027-nji ýylyň ahyryna süýşürdi

Apple kompaniýasy özüniň ilkinji giňeldilen hakykat (AR) äýnekleriniň çykarylmaly möhletini üýtgetdi. Kompaniýa ozal bu enjamy 2026-njy ýylda görkezmegi meýilleşdiripdi, ýöne häzirki wagtda onuň bazara......

02.06.2026 17:40
5.9k+

Şwesiýanyň agaç kesiji dron enjamy agaçlary çapyp, daşap bilýär

Şwesiýanyň AirForestry kompaniýasy agyr ýerüsti enjamlary ulanmazdan, agaçlary kesmäge we daşamaga ukyply, awtonom agaç kesiji drony işläp düzdi....

28.05.2026 23:53
5.8k+

iPhone ogrularyň eline düşen badyna gulplanar

Apple kompaniýasy iPhone smartfonlaryny köçede ogurlamak ýa-da elden çekip almak synanyşygy bolanda, enjamy awtomat gurup goýjak täze funksiýanyň üstünde işleýär. Bu barada 9to5Mac neşiri habar berdi....

28.05.2026 18:53
1.1k+

Google Gemini üçin niýetlenen täze «Googlebook» noutbuk seriýasyny çykardy

Google kompaniýasy Gemini Intelligence we ChromeOS bilen işlemek üçin ýörite döredilen, premium derejeli «Googlebook» noutbuk seriýasyny tanyşdyrdy. Onuň ilkinji enjamlary 2026-njy ýylyň güýzünde satuwa çykar....