Türkmenistanyň Prezidenti bilim ulgamynyň wekillerini 1-nji sentýabr mynasybetli gutlady

  • 01.09.2021 12:11
  • 15k+

Türkmenistanyň Prezidenti Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň mekdep okuwçylaryna, talyp ýaşlaryna, mugallymlaryna we bilim işgärlerine 1-nji sentýabrda bellenilýän Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli Gutlag iberdi. Onda bu baýramçylygyň geljegimiz bolan mekdep okuwçylarynda we talyp ýaşlarda, asylly käri mynasyp dowam edýän mugallymlarda, bilim işgärlerinde eziz Watanymyza bolan buýsanjy has-da artdyrjakdygyna berk ynam bildirilýär.

Gutlagda bellenilişi ýaly, milli bilim ulgamyny dünýä ülňülerine laýyklykda yzygiderli kämilleşdirmek, bilim edaralarynyň maddy-enjamlaýyn we hukuk binýadyny yzygiderli berkitmek, ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly, häzirki zamanyň ösen tehnologiýalaryna erk edýän watansöýüji, zähmetsöýer ýaşlary kemala getirmek babatda möhüm işleri amala aşyrýarys. Asylly däbimize eýerip, «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk toýunyň öň ýanynda güneşli Diýarymyzyň obadyr şäherlerinde bilimler baýramçylygyna gabatlap, täze orta mekdepleri dabaraly açýarys, joşgunly aýdym-sazly çäreleri geçirýäris. Bilimler dünýäsine ilkinji gadam basýan mekdep okuwçylaryna sowgat hökmünde «Bilimli» atly kompýuterleri gowşurýarys.

«Bilim — täzeleniş we öňegidişlikdir. Şoňa görä-de, giň gerimli özgertmeleriň ýoly bilen täze belentliklere barýan ýurdumyzda bilim ulgamynda amala aşyrýan özgertmelerimizi has-da çaltlandyrýarys. Şu ýyl «Bilim hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşini kabul edip, milli bilim ulgamynyň işini düzgünleşdirýän kadalaryň gerimini giňeltdik, şeýle hem bilim işini dolandyrmagyň täze guramaçylyk esaslaryny kesgitledik» diýip, türkmen Lideri Gutlagynda asylly käriň eýeleri bolan mugallymlaryň Watan, maşgala, agzybirlik we jebislik, zähmetsöýerlik, arassa ahlak mukaddesligi hakyndaky taglymatlarymyzy rowaçlandyrmak bilen, bu wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirjekdiklerine, ykdysadyýetimiziň dürli pudaklary üçin ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamakda netijeli işleri alyp barjakdyklaryna berk ynanýandygyny nygtaýar.


düýn 20:41
1.4k+

Türkmenistanyň bilim ministri Yrak Respublikasynyň wekili bilen hyzmatdaşlygy maslahatlaşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň Bilim ministrliginde Jumamyrat Gurbangeldiýewiň Yrak Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň işleri wagtlaýyn ynanylan wekili Jassim Mohammed Al-Attar bilen duşuşygy......

25.06.2026 19:18
3.6k+

Türkmen uniwersiteti bilen Finlýandiýa özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekdi

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti bilen Finlýandiýanyň HAUS Döwlet Dolandyryş Instituty hem-de Laurea Amaly Ylymlar Uniwersiteti Özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekdi. Dabara göni......

23.06.2026 18:58
3k+

TDBGI-niň talyby «GDA-nyň iň gowy talyby» bäsleşiginiň ýeňijisi boldy

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby Kadyrberdi Artykow Astanada (Gazagystan) geçirilen «GDA-nyň iň gowy talyby» atly halkara bäsleşigiň ýeňijisi boldy....

19.06.2026 18:41
3.8k+

Türkmenistanyň bilim ministri Sankt-Peterburgda geçirilen maslahatda çykyş etdi

Bilim ministri Jumamyrat Gurbangeldiýewiň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti 18-nji iýunda Sankt-Peterburg şäherinde geçirilen medeni gatnaşyklary pugtalandyrmak we kreatiw hem-de döredijilik......