Werstappen Belgiýanyň Gran-prisiniň saýlama tapgyrynda ýeňiji boldy

  • 29.08.2021 02:28
  • 2.7k+

“Red Bull” toparynyň niderlandly sürüjisi Maks Werstappen Formula-1 ýaryşynda Belgiýanyň Gran-prisiniň saýlama tapgyrynda ýeňiji boldy. Ýaryş Spa şäherindäki awtodromda geçirildi. 

Werstappen iň gowy aýlawyny 1 minut 59,765 sekuntda geçdi. Ikinji orny 0,321 sekunt yza galyş bilen “Uilýamsdan” britaniýaly Jorj Rassell, üçünji orny bolsa “Mersedesden” britaniýaly Lýuis Hemilton (+0,334) eýeledi.

Şeýle-de ilkinji onluga şular girdi: 4. Deniel Rikkýardo (Awstraliýa, “Maklaren”) +1,099; 5. Sebastýan Fettel (Germaniýa, “Aston Martin”) +1,170; 6. Pýer Gasli (Fransiýa, “Alfa-Tauri”) +1,399; 7. Serhio Peres (Meksika, “Red Bull”) +2,347; 8. Waltteri Bottas (Finlýandiýa, “Mersedes”) +2,737; 9. Esteban Okon (Fransiýa, “Alpin”) +3,748; 10. Lando Norris (Beýik Britaniýa, “Maklaren”).

Saýlama tapgyr ýaryşy üçünji segmentde iki gezek saklandy. Ilki “Maklareniň” britaniýaly sürüjisi Lando Norris heläkçilige uçrady, şondan soň ol 10-njy bolup, çykyşyny tamamlady. Ikinji gezek ýaryş ýagyş sebäpli saklandy.


24.02.2026 17:27
2.2k+

«Ýene bir gezek oýlan!»: Formula-1 täze möwsümiň öňüsyrasynda mahabat wideosyny görkezdi

Formula-1-iň täze möwsümi 6-njy martda Melburndaky ýaryş bilen açylar. Möwsümiň başlangyjy üçin çempionat tarapyndan aktýor Damson Idris we dünýä çempionatynyň ähli 22 pilotynyň gatnaşmagynda «All To Drive For» atly mahabat kampaniýasy başlandy...

21.02.2026 17:02
1.4k+

McLaren we Lego Lando Norrisiň çempionlyk bolidiniň nusgasyny döretdiler

Lego kompaniýasy Lando Norrisiň 2025-nji ýylda "Red Bull" toparynyň agalygyny soňlan "MCL39" bolidiniň täze modelini tanyşdyrdy. Bu konstruktor "McLaren" toparynyň 2025-nji ýyldaky taryhy ýeňişlerine bagyşlanýar...

19.02.2026 13:39
676

Apple TV-de ýaryş möwsüminiň öňüsyrasynda Formula-1 kanaly açyldy

Formula-1 boýunça dünýä çempionatynyň täze möwsüminiň başlamagyna sanlyja günler galanda, Apple TV platformasynda bu ýaryşlara bagyşlanan aýratyn kanal işe girizildi. Bu täzelik Apple-iň ABŞ-da "Formula-1" ýaryşlaryny görkezmek üçin gol çeken bäş ýyllyk şertnamasynyň we bu sport baradaky täze çykan çeper filmiň uly üstünliginiň netijesidir...

24.01.2026 00:25
1.1k+

PUMA McLaren üçin resmi taýdan egin-eşikleri çykarar

McLaren sport geýimlerini we enjamlaryny öndüriji PUMA bilen köp ýyllyk şertnama baglaşandygyny yglan etdi. Şertnama laýyklykda, PUMA Formula 1 sürüjileri bolan Lando Norris we Oskar Piastri üçin ýörite eşikleri öndürer...