ВОЗ: за последние 30 ­лет в мире почти в дв­а раза увеличилось чи­сло гипертоников

  • 27.08.2021 22:41
  • 7.9k+

Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň habar bermegine görä, dünýäde soňky 30 ýylyň dowamynda arterial gipertenziýaly adamlaryň sany tas iki esse artdy.

Gurama barlaglarynyň netijeleri “The Lancet” lukmançylyk žurnalynda neşir edilen BSGG we Londonyň Imperiýa kolleji tarapyndan geçirilen “gipertoniýanyň ýaýramagy, ony ýüze çykarmak, bejermek we gözegçilik etmek tendensiýalarynyň ilkinji giňişleýin global derňewine” salgylanýar. Alymlar 184 ýurtdan 30 – 79 ýaş aralygyndaky 100 milliondan gowrak ýaşaýjynyň ölçenilen gan basyş maglumatlaryny seljerip, 1990-njy ýyldan 2019-njy ýyl aralygynda arterial gipertenziýaly adamlaryň sany “650 milliondan 1,28 milliarda çenli artdy” diýen netijä geldiler. BSGG-niň bellemegine görä, gipertoniýa “ýürek, beýni we böwrek keselleriniň howpuny ýokarlandyrýar we dünýäde ölümiň hem-de keseliň esasy sebäpleriniň biri bolup durýar”. Bu kesel gan basyşyny ölçemek arkaly aňsatlyk bilen kesgitlenýär we ony arzan dermanlaryň kömegi bilen netijeli bejermek bolar.

Häzirki wagtda bu keselden pes we ortaça girdejili ýurtlaryň ýaşaýjylary has köp ejir çekýär, baý döwletlerde gipertonikleriň paýy azaldy. 2019-njy ýylda bu paý Kanadada, Peruda we Şweýsariýada has pes boldy, Dominikan Respublikasynda, Ýamaýkada we Paragwaýda zenanlaryň arasynda, Wengriýada, Paragwaýda we Polşada erkekleriň arasynda has ýokary boldy diýip, TASS belleýär. 

Gipertoniýany ýüze çykarmagyň we bejermegiň aňsatdygyna garamazdan, 580 mln töweregi adam bu keseliň bardygyny bilmeýär. 720 mln töweregi adam zerur bejergini almaýar. 

“BSGG-niň uly adamlarda gipertoniýany farmakologiki bejermek boýunça gollanma ýörelgeleri” resminamasynda ýurtlara gipertoniýada has netijeli kömek bermek üçin ýardam etmäge gönükdirilen täze maslahatlar saklanýar. Maslahatlarda derman bejergisiniň başlamalydygyny görkezýän gan basyş ölçegleri, dermany ýa-da derman birleşmelerini saýlamagyň ýörelgeleri, arterial basyşyň derejeleri, basyşy ölçemegiň ýygylygy görkezilýär. 

“Bu täze gollanma ýörelgelerinde saklanýan maslahatlara eýermek, gan basyşyny bejermek üçin derman serişdelerine elýeterliligi giňeltmek we ýeňilleşdirmek, süýji keseli we bar bolan ýürek keselleriniň hem ýüze çykarylmagyny we bejerilmegini üpjün etmek, iýmiti gowulandyrmaga we yzygiderli fiziki işjeňligi ösdürmäge ýardam etmek hem-de temmäki önümlerini berk düzgünleşdirmek arkaly ýurtlar adam janyny halas edip, jemgyýetçilik saglygy üçin çykdajylary azaldyp bilerler” – diýip, BSGG-niň ýokanç däl keseller boýunça bölüminiň müdiri doktor Bente Mikkelsen aýdýar.


02.02.2026 02:24
2.3k+

ВОЗ разработала рекомендации по питанию в школах

Всемирная организация здравоохранения впервые опубликовала глобальные рекомендации по обеспечению здорового и сбалансированного питания в учебных заведениях. Новые руководящие принципы направлены на формирование у детей полезных пищевых привычек и профилактику заболеваний...

30.01.2026 11:41
9.4k+

Аэропорты в Азии усилили контроль после случаев вируса Нипах в Индии

Аэропорты ряда азиатских стран усилили санитарный контроль после того, как в индийском штате Западная Бенгалия были выявлены два случая заражения вирусом Нипах. Об этом сообщает The Guardian. Таиланд, Непал и Вьетнам ввели дополнительные проверки пассажиров, прибывающих из Индии...

22.12.2025 00:06
3k+

В Туркменистане обсудили реализацию подхода «Единое здоровье» на межсекторальном совещании

19 декабря в здании Организации Объединенных Наций в Ашхабаде при поддержке ВОЗ прошло 4-е совещание Национального межсекторального координационного комитета по реализации подхода «Единое здоровье» в Туркменистане...

10.12.2025 11:51
7.9k+

В голубином помёте нашли опасные для людей патогены из списка ВОЗ

Специалисты факультета почвоведения Московского государственного университета имени М. В. Ломоносова (МГУ) обнаружили в помете голубей опасные для здоровья человека аскомицетовые виды дрожжей. Эти микроорганизмы могут стать источником дрожжевых инфекций, особенно для детей и людей с ослабленным иммунитетом, сообщила пресс-служба вуза...